Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan maslahat geçirildi

21.09.2026

46

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde "Olimp" orta sport mekdebi bilen bilelikde "Türkmenistanyň Halk Maslahaty - parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň belent nusgasy" atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Öwezmuhammet. Atalyýew, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Nurmuhammet Ataýew, "Olimp" orta sport mekdebiniň taryh mugallymy Güljahan Amanowa, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň türkmen dili mugallymy Tawus Akmyradowa, we okuwçy-türgenler çykyş etdiler.

Çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram ediljek günleriniň öňisyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli iň möhüm çözgütleri, daşky we içerki syýasatyň strategik ugurlaryny halkymyzyň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançadyr. Ýyllaryň dowamynda onuň işi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler netijesinde, Gahryman Arkadagymyzyň oýnaşykly başlangyçlary netijesinde Halk Maslahatynyň statusy we ygtyýarlyklary has-da berkidildi.

Halk Maslahaty bu Garaşsyz Türkmenistanyň özboluşly, parahatçylyk söýüji we demokratik ýolunyň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen has-da ösdürilýän Halk Maslahatynyň işi geljekde hem ýurdumyzyň rowaçlygyna, abadançylygyna hyzmat eder.

Çykyşlarda bular dogrusynda gürrüň edilip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişe gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta

sport mekdebiniň taryh mugallymy

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz