2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «35 ýyl ýetdiň belent sepgide, Garaşsyzlyk – gözbaşymyz, erkimiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli institutyň täze goşmaça binasynyň eýwanynda baýramçylyk mynasybetli ylmy we taslama işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Serginiň dowamynda institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan döletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler boýunça birnäçe söhbetdeşlikler teleýazgy edildi. Soňra bolsa, institutyň dabaralar zalynda “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygyny,Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty