Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

«TÜRKMENISTANDA AGROINNOWASIÝA» YLMY-AMALY ELEKTRON ŽURNALYNYŇ ILKINJI SANY OKYJYLARA GOWUŞDY

22.09.2026

32

«TÜRKMENISTANDA AGROINNOWASIÝA» YLMY-AMALY ELEKTRON ŽURNALYNYŇ ILKINJI SANY OKYJYLARA GOWUŞDY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly toýlanylýan günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylar köpçüligine gowuşdy. 

Şanly toýumyza ajaýyp sowgat bolan täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşdyryp, geljekde-de giň gerimde ösdüreris» diýen parasatly sözleri bilen başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, has kämil tehnologiýalary ulanmak, mallardan we guşlardan bol önüm almak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem­de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagy sanly ulgama geçirmek, döwrebap ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatda­da anyk işler amala aşyrylýar» diýen sözleriniň çuňňur many-mazmuny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Allaberdi Gapurowyň žurnalyň başynda ýerleşdirilen «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygy: ylym we tehnologiýalar esasynda innowasion ösüş» atly makalasynda giňişleýin beýan edilýär.

Täze neşirde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň wekilleriniň ylmy makalalary ýerleşdirildi. Olardan Mährižemal Allamuradowa bilen Aýbölek Babakulyýewanyň «Güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly nusgalaryny döretmekde çaknyşdyrma usulynyň netijeliligi», Täçdurdy Şekeralyýew bilen Hojadurdy Hojadurdyýewiň «Gowaça ösdürip ýetişdirmekde kombinirlenen oba hojalyk agregatlaryny ulanmagyň ähmiýeti», Sapargeldi Durdyýewiň, Gülälek Allakulyýewanyň «Türkmenistanda arçanyň tohum iýijisiniň (Megastigmus juniperi Nikolskaya, 1952) bioekologik aýratynlyklary» atly makalalarynda möhüm ylmy barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şeýle-de okyjylar Töre Garlyýewiň, Durdymyrat Gadamowyň hem-de Altyn Rahmanowanyň «Ahalteke atlarynyň tüýüniň fenotipik ýalpyldyly determinantlarynyň toplumlaýyn biohimiki seljermesiniň usuly», Aba Çaryýew bilen Amanmyrat Ýaryýewiň «Pagtany hapa garyndylardan arassalamagyň netijeli tehnologiýasyny döretmek», Maral Orazbaýewa bilen Gurbanjemal Abdyýewanyň «Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň sortlarynyň hem-de nusgalarynyň agrobiologik görkezijileri we hasyllylygy», Irina Şafranskaýanyň, Iwan Şafranskiniň «Süýt senagatynyň geljekki ösüş ugurlary», Meret Meredowyň, Ogulşirin Haýdarowanyň, Aşyrmamet Dossyýewiň hem-de Mahriban Maýlyýewanyň «Wodorod atmosferasynda palladiý çaýylan diod gurluşda elektronlaryň generirlenmegi» atly ylmy makalalaryny okap bilerler. Bulardan başga-da, täze neşirde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyna ylmy makalalary taýýarlamagyň we hödürlemegiň tertibi ýerleşdirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibiň goldanandygyny göz öňünde tutup, degişli işleri geçirmeli» diýip beren tabşyrygyna laýyklykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaraly toýlanylan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döredildi.

Täze ylmy-amaly elektron neşir hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» döwürleýin ylmy neşirleriň halkara standartlara laýyk neşir edilmegini, şol sanda ylym ulgamyna degişli žurnallaryň halkara talaplara laýyk gelmegini gazanmak, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň abraýly ylmy žurnallarda makalalaryny çap etmeklerini höweslendirýän usullary işläp taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanyp, ýokary okuw mekdebinde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, bilim — ylym — önümçilik arabaglanyşygynyň ösdürilişini wagyz etmek, professor-mugallymlary, ýaş alymlary, talyp ýaşlary agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirmek maksady bilen döredildi.

Bu elektron neşir ýokary okuw mekdebimizde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge giň mümkinçilikleri döreder. Täze elektron žurnalyň döredilmegi ýaş alymlary, talyp ýaşlary hem agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.

Žurnalda agronomçylyk, agroekologiýa, weterinar lukmançylygy, zootehniýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, dokma önümçiligi, gidromeliorasiýa, oba hojalygynyň mehanizasiýasy, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlar, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar we Durnukly ösüş maksatlary, tokaý, balyk hojalyklary ýaly dürli ugurlara degişli nazary, ylmy-amaly makalalar okyjylara ýetiriler. Olar häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän netijeli işler, ösen halkara tejribeler bilen baglanyşykly bolar. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berler. «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly her 2 aýdan 1 gezek elektron görnüşde taýýarlanar. 

Žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümine diňe bir ýurdumyzyň däl, daşary ýurtlaryň hem ylym-bilim ojaklarynyň wekilleri, meşhur oba hojalykçylary goşuldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik Iwan Kuzmin, «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň», Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Döwlet merkezi botanika bagynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň, Milli bilim institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bar. Žurnalyň redaksion toparyna bolsa ýokary okuw mekdebimiziň kafedralarynyň ählisiniň wekilleri agzalyk edýärler. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň oba hojalygyny ylym we tehnologiýalar esasynda innowasion ösüş ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sanyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 

oba hojalyk uniwersitetiniň ylym 

bölüminiň esasy hünärmeni,

«Türkmenistanda agroinnowasiýa»

ylmy-amaly elektron žurnalynyň

jogapkär kätibi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz