Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

TITU-nyň mugallymy halkara sebit maslahatyna gatnaşdy

22.09.2026

28

TITU-nyň mugallymy halkara sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy Gyzylgül Ekäýewa ABŞ-nyň “C5+Opening Networks in English” (C5+O.N.E.) maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 23–28-nji awgusty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde geçirilen “Shaping Tomorrow: C5+O.N.E. U.S.-Central Asia Regional Conference on Economic Growth” atly sebit maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden 150-den gowrak maksatnama uçurymy, ABŞ-nyň ilçihanalarynyň wekilleri, bilermenler we American Councils guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, telekeçilik, hünär taýýarlygy, iňlis dili boýunça aragatnaşyk başarnyklaryny kämilleşdirmek we hünär gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde bilermenleriň çykyşlary, işewür taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, pikir alyşmalar, networking duşuşyklary we medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli “Freedom 250” atly medeni agşam guraldy.

Üç gün dowam eden maslahat gatnaşyjylara täze bilimleri we tejribeleri edinmäge, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik berdi.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz