
Täzelikler
45

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ylym we tehnologiýa ulgamy täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we zehinli ýaşlary goldamak maksady bilen, "Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa, durnukly ösüş" atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär.
Bu halkara maslahat emeli aň tehnologiýalaryny sanly ykdysadyýete ornaşdyrmak, akylly diwersifikasiýany ösdürmek hem-de durnukly ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm ylmy meýdança bolup hyzmat eder.
Maslahata gatnaşmagyň şertleri: Maslahat sanly ulgam arkaly geçiriler. Maslahata gatnaşmak isleýänler öz ylmy makalalaryny we tezislerini degişli goşundyda görkezilen talaplara laýyklykda taýýarlap, etut.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.
Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär.
Möhüm seneler:
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: 100-nji jaý, Taslama köçesi, Aşgabat şäheri.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 63 828068.