Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “PUDAGYŇ TEHNOLOGIK PROSESLERINI AWTOMATLAŞDYRMAK II” OKUW KITABY ÇAP EDILDI

24.09.2026

24

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “PUDAGYŇ TEHNOLOGIK PROSESLERINI AWTOMATLAŞDYRMAK II” OKUW KITABY ÇAP EDILDI

Häzirki zaman önümçilik prosesleriniň ýerine ýetirilişinde aýry-aýry prosesleriň arasyndaky baglanyşyklaryň köpdürlüligi we olaryň takyk yzygiderliligi mahsusdyr. Üznüksiz we tapgyrly önümçilik, şeýle hem käbir operasiýalaryň ýokary tizlikde geçmegi bir operasiýadan beýleki operasiýa geçmeklik wagtynyň kemeldilmegini talap edýär. Munuň özi adam üçin ýerine ýetirilip bolmajak çalt täsir etmeklige, takyklyga we dolandyryşyň obýektiwligine talaby ýokarlandyrýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanylyp, ýokary okuw mekdepleri üçin çap edilen “Pudagyň tehnologik proseslerini awtomatlaşdyrmak” okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, P.Ýalkapow – A.: Ylym, 2026. – 432 sah.) hem ýokarda beýan edilenlere bagyşlanýar. Okuw kitabynda önümçiligi we tehnologik prosesleri dolandyrmagyň esaslary, olaryň düzüm shemalary, tehnologik prosesleriň görnüşleri we aýratynlyklary görkezilýär. Has takygy okuw kitaby girişden, alty bölümden, on bir bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. 

Okuw kitabynda dürli pudaklaryň, ýagny himiki dökün öndürýän, gurluşyk, nebit-gaz, azyk senagaty, ýylylyk üpjünçiligi pudaklarynyň awtomatlaşdyrylyşyna seredilýär. Pudaklaryň awtomatlaşdyrylyşynyň funksional shemalary yzygiderli beýan edilýär. Şeýle-de sanly ulgamlaryň önümçilikde we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmakda ulanylyşy görkezilýär. 

Bu okuw kitabyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz