
Täzelikler
27

Elektron shemalaryny derňemekligiň maksady olaryň häsiýetleri barada has doly maglumat almakdan, berlen tehniki talaplar boýunça täze zynjyrlaryň sintezini we zynjyrlary hasaplamagyň algoritmlerini işläp düzmek üçin gerek bolan giriş hem-de çykyş parametrleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Elektron shemalaryny derňemek meselesi özüne elektron shemalaryň adekwat matematiki modellerini gurmaklygy, bu modeller boýunça berlen funksiýalary we parametrleri kesgitlemekligi, ýygylykly, wagtly hem-de beýleki häsiýetnamalary gurmaklygy birleşdirýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanylan “Elektron shemalaryň derňewi we hasaplanyş usullary” okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, G.Hojamämmedow, P.Annamyradow – A.: Ylym, 2026. – 320 sah.) çap edildi. Bu okuw kitaby girişden, alty bölümden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Olar elektron zynjyrlary modelirlemegiň umumy soraglary, shemanyň funksiýalary, ýygylykly we wagtly häsiýetnamalary, olaryň parametrleri, elektron shemalaryň algebraik modellerine esaslanan derňemek usullary, elektron shemalaryň topologik we nazary-köplük modellerine esaslanan derňemek usullary, üýtgeýän ýagdaýlar usuly bilen elektron shemalary, impulsly (açarly) shemalary derňemek usullaryny öz içine alýar.
Okuw kitaby Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaly ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy, mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar, senagat elektronikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Ondan inžener-tehniki ugurly beýleki hünärlerde okaýan talyplar hem peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi