
Täzelikler
121

Türkmenistanyň Oguz han uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy boýunça baglaşylan ähtnama laýyklykda, Oguz han uniwersitetiniň 4 sany talyby bir ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa ugrady.
Häzirki wagtda talyplar Ýaponiýa sag-aman baryp, degişli tertipde ýerleşdiler. Ýakyn günlerde olaryň Tsukuba uniwersitetindäki okuwlary başlanar.
Bir ýyllyk okuw maksatnamasynyň dowamynda talyplar emeli aň, elektronika we ykdysadyýet ugurlary boýunça bilimlerini kämilleşdirerler, döwrebap ylmy-tehnologik tejribe bilen ýakyndan tanyşarlar hem-de halkara akademiki gurşawda hünär başarnyklaryny ösdürerler.
Bu talyp alyş-çalşygy babatyndaky maksatnama Oguz han uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, talyplaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak dogrusynda alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.
Oguz han uniwersiteti öz talyplarynyň halkara bilim giňişliginde bilimlerini we tejribelerini baýlaşdyrmagyna, ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Talyplara okuwlarynda üstünlikleri we täze ylmy-tejribe gazanmaklaryny arzuw edýäris.