Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

FITO-MEHANIKI ARASSALAÝYŞ ULGAMY DÖREDILDI

26.09.2026

34

FITO-MEHANIKI ARASSALAÝYŞ ULGAMY DÖREDILDI

Türkmenistanyň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, zeý suwlaryny ekerançylyk maksatlary üçin gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fito-mehaniki arassalaýyş ulgamy (FMAU) döredildi. Fito-mehaniki arassalaýyş ulgamy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň tejribe meýdanynyň çäginden akyp geçýän zeýkeşiň golaýynda guruldy.

Täze ulgamda akyndy suwlary diňe ösümlikleriň kömegi bilen arassalamak bilen çäklenmän, eýsem mehaniki arassalaýyş usullaryny hem utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çemeleşme suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we zeý suwlarynyň hilini gowulandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Geçirilen tejribeleriň dowamynda FMAU arkaly arassalanan suwlar tejribe meýdanynda baglary we gök ekinleri suwarmak üçin peýdalanyldy. Häzirki wagtda ulgam boýunça ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär.

Bu işleriň netijeleri Türkmenistanyň şertlerinde zeý suwlaryny netijeli arassalamak we olary oba hojalygynda peýdalanmak boýunça täze mümkinçilikleri öwrenmäge gönükdirilendir.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz