Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

DAŞARY YKDYSADY IŞ BOÝUNÇA TÄZE OKUW KITABY

26.09.2026

320

DAŞARY YKDYSADY IŞ BOÝUNÇA TÄZE OKUW KITABY

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Röwşen Muhammedowyň, Kerimberdi Nurnyýazowyň, mugallym-öwrenijisi Rahat Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Daşary ykdysady iş» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

 Bu okuw kitaby ykdysady ugurlar boýunça, hususan-da, daşary ykdysady iş dersinden okaýan talyplar hem-de bu ugurda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenler, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Kitapda dünýä hojalygy, onuň emele gelmegine täsir edýän faktorlar, häzirki zaman dünýä bazarynyň aýratynlyklary, kapitalyň halkara hereketiniň häzirki akym meýilleri, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny, halkara gatnaşyklaryň ulag, hukuk üpjünçiligi ýaly meselelere seredilýär.

 Kitabyň mazmuny girişden we «Daşary ykdysady iş dersiniň predmeti we wezipeleri», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti», «Kapitalyň dünýä bazary we halkara karz», «Söwda we daşary söwda», «Halkara söwdadaky şertnamalar», «Halkara söwdanyň karzlaşdyrylmasy», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda karz ulgamy», «Daşary ykdysady ulgamda işçi güýjüniň halkara hereketi», «Dünýä nyrhlary we olaryň emele gelşi», «Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty», «Halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulag üpjünçiligi», «Inžiniring kompaniýalarynyň halkara söwdasy», «Erkin ykdysady zolaklar», «Daşary ykdysady ulgamda telekeçiligiň eýeleýän orny» atly 14 bapdan ybarat.

 Okuw kitabynyň esasy maksady talyplara daşary ykdysady amallaryň tehnikasyny, görnüşlerini we olary durmuşa geçirmegiň usullaryny düşündirmekden ybaratdyr.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz