Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

30.09.2026

159

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary döwlet sylaglary bilen sylaglandylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny giňden belläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Geçen otuz bäş ýylyň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy. 

Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hormat-sylaga mynasypdyr. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryyzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy usullary ulanmakda, aýdym-sazy ökdelik bilen ýerine ýetirmekde, çeperçiligi ýokary sungat eserlerini döretmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy Sapardurdy Tilkiliýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri Şeker Hojaberdiýewna Berdiýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar, inçekesel kafedrasynyň müdiri Mähri Haldurdyýewna Durdyýewa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakyldy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz