
Täzelikler
171

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz durnukly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlary hem-de terbiýeçileri arman-ýadaman zähmet çekip, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli bilim edaralarynyň öňdebaryjy işgärleriniň gatnaşmagynda wajyp bir çäre guraldy. Ahal welaýatynyň öňdebaryjy iş tejribesine bagyşlanan “Çagalary mekdebe çenli çagalar edaralarynda, maşgala we beýleki bilim edaralarynda mekdebe taýýarlamagyň öňdebaryjy iş usullary” atly usuly-amaly maslahat ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy işgärleri tarapyndan taýýarlanan okuw görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň baý many-mazmunly sergisine syn edildi.
Çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary we pedagogik taýdan ýokary derejede guralan many-mazmunly oýun pursatlary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Maslahata gatnaşyjylar körpeleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Sowat öwretmek”, “Matematika” we “Iňlis dili” sapaklary boýunça geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşdylar.
Göreldeli sapaklardan soňra, olaryň usuly gurluşyna içgin seljerme berildi we döwrebap teklipler öňe sürüldi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenilip, özara gymmatly iş tejribeleri alşyldy.
Bu geçirilen usuly-amaly maslahat ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, terbiýeçileriň hünär ussatlygyny baýlaşdyrmakda we geljegimiz bolan ýaş nesilleri mekdebe döwrebap usullar bilen taýýarlamakda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Mekdebe çenli bilim bölümi