Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Wenada geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň maslahatyna gatnaşdy

02.10.2026

158

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Wenada geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň maslahatyna gatnaşdy

Awstriýa Respublikasynyň Wena halkara merkezinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) tarapyndan «Merkezi Aziýada izotop gidrologiýasy barlaghanalarynyň sebit toruny döretmek» atly tehniki maslahat geçirildi. Bu halkara forumda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Kadyr Amanow wekillik etdi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda GloWAL (Global Water Analysis Laboratories) torunyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda izotop gidrologiýasyny ösdürmek, serhetüsti suw serişdelerini durnukly dolandyrmak hem-de sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjy hökmünde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili çykyş edip, ýokary okuw mekdebiniň ylmy mümkinçilikleri, barlaghana binýady we bu ugurdaky bar bolan tejribesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Halkara maslahatyň çäklerinde sebitdäki barlaghanalaryň arasynda tejribe alyşmak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki geljekki taslamalary amala aşyrmak boýunça pikir alşyldy. Türkmen hünärmeniniň bu maslahata gatnaşmagy uniwersitetiň halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda we sebitara ylmy taslamalardaky ornuny berkitmekde möhüm ädim boldy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz