Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Sanly bilim

Astana şäherinde geçirilen «Malaýziýa – Merkezi Aziýa Ýokary bilim forumy»

02.10.2026

94

Astana şäherinde geçirilen «Malaýziýa – Merkezi Aziýa Ýokary bilim forumy»

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary halkara standartlaryna laýyklykda sanlylaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen tejribe alyşmak wezipesi wajyp orun eýeleýär. Bu ugurda Günorta-Gündogar Aziýanyň innowasion taýdan iň ösen döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen ýola goýulýan we ýyldan-ýyla pugtalanýan hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berýär. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklar döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun we uly depgin bilen baýlaşdyrylýar.

2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Malaýziýa-Merkezi Aziýa ýokary bilim forumy geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgäri Berdinazar Haşyrow hem gatnaşdy. Bu forumyň esasy maksady Malaýziýanyň ýokary bilim ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary bilim ulgamlary bilen uýgunlaşdyrmakdan, taraplaryň arasynda ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Günüň birinji ýarymynda Malaýziýanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi, Malaýziýanyň ýokary bilim ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň, Malaýziýanyň we Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Malaýziýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine seredildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly pikir alyşmalar hem bolup geçdi we bu pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklarynyň berk şertnamalaýyn-hukuk binýadyna daýanýandygyny, ýokary derejeli duşuşyklaryň we bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň çäklerinde baglaşylan şertnamalaryň bu gatnaşyklaryň binýadyny düzýändigini, mundan başga-da, soňky ýyllarda Malaýziýanyň dünýä reýtinglerinde ýokary orunlary eýeleýän uniwersitetleri (meselem, Universiti Malaya we Universiti Tenaga Nasional) bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki hereketlilik we tejribe alyşmak barada şertnamalaryň baglaşylandygyny belläp geçdi. Şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir talyplaryň okuw maksatnamalaryny öz içine alaman, eýsem, ykdysadyýetiň strategiki pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyny hem öz içine alýandygyny, bu ugurda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň dünýä belli «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetiniň (UTP) arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň aýratyn nusgalykdygyny, bu ýerde geologiýa, nebit- gaz inženerçiligi, himiki tehnologiýalar we energetika ugurlary boýunça bilelikdäki okuw meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Malaýziýaly professorlaryň we halkara bilermenleriň ýygy-ýygydan Aşgabada gelip, türkmen talyplary üçin ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny we master-klaslaryny guraýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýaly döwrebap okuw mekdepleriniň hem Malaýziýanyň abraýly ylmy merkezleri we CRUX ýaly barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, häzirki wagtda taraplar marketing, logistika, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk we emeli aň ýaly iň döwrebap ugurlarda okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýandyklary barada habar berildi. Forumyň çäklerindäki söhbetdeşlikleriň dowamynda Malaýziýa döwleti türkmen ýaşlarynyň iň köp saýlap alýan we bilim alýan halkara merkezleriniň biridigi nygtalyp geçildi. Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan goldanylýan «Malaysian Technical Cooperation Programme» (MTCP) atly maksatnama Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerine, şeýle hem ýaş alymlara Malaýziýanyň öňdebaryjy okuw merkezlerinde gysga we uzak möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçmäge şert döredýändigi barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem häzirki wagtda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen, Türkmenistan-Malaýziýa onlaýn bilim platformalaryny ösdürmäge uly üns berýärler. Bu ugurda Malaýziýanyň uniwersitetleriniň tejribeli mugallymlarynyň uzak aralykdan (webinarlar arkaly) türkmen talyplaryna telekeçilik we innowasiýalaryň geçirilişi boýunça dersleri geçýändikleri we bu dersleriň bolsa talyplaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion pikirlenmesini ösdürmäge kömek edýändigi barada bellenilip geçildi.

Günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň öňdebaryjy 8 sany ýokary okuw mekdepleriniň we bu ugurda hereket edýän edaralaryň (University Malaysia Pahang Al-Sultan Abdullah UMPSA, International Medical University IMU, Education Malaysia Global Services EMGS, University Tunku Abdul Rahman UTAR, University Pendidikan Sultan Idris UPSI, University Kuala Lumpur UniKL, ASIA School ot Business, Asia Pacific University ot technology and innovation) wekilleri öz prezentasiýalary bilen çykyş etdiler.

Görnüşi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilim pudagyndaky gatnaşyklar diňe bir iki ýurduň bähbidine bolman, eýsem, bütin sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýokary hünärli hünärmenleri kemala getirmäge we halklaryň arasyndaky dostluk we ynamdar gatnaşyklary has-da berkitmäge saldamly goşant goşýar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz