Bilim – ýurtlaryň geljegini birleşdirýän güýç
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Moskwa şäherinde dürli ýurtlardan bilim bilim ulgamynyň wekilleriniň, mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň “Russiýa” milli merkezinde VI synp ýolbaşçylarynyň forumy geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşmak meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik boldy. Forumyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen bilim işgärleriniň çykyşlaryny diňlemek, olaryň iş tejribeleri bilen tanyşmak we häzirkizaman mekdebiniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik döredildi.
Forumda edilen çykyşlaryň esasy ugurlarynyň biri bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okuwçylaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmak meselesi boldy. Çykyş eden hünärmenler häzirki döwürde mekdebiň diňe bilim berýän edara bolman, eýsem çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelýän möhüm gurşawdygyny aýratyn nygtadylar. Çaganyň mekdebe bolan söýgüsini we höwesini artdyrmak, sapaklary gyzykly hem-de döwrebap usullarda guramak, okuwçynyň döredijilik ukybyny ösdürmek baradaky pikirler aýratyn gyzyklanma döretdi. Forumyň dowamynda mugallymyň häzirkizaman jemgyýetindäki orny barada hem giňişleýin çykyşlar edildi. Mugallymyň wezipesiniň diňe okuwçynyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmeýändigi, onuň okuwçynyň dünýägaraýşynyň, ahlak gymmatlyklarynyň we durmuş endikleriniň kemala gelmeginde uly orun eýeleýändigi bellenildi.
Aýratyn üns berlen meseleleriň biri hem mekdep bilen ene-atanyň hyzmatdaşlygydyr. Çaganyň bilim terbiýesinde mekdep bilen maşgalanyň bir maksada gönükdirilen, yzygiderli hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi çykyşlarda aýratyn bellenildi. Ene-atany çaganyň okuw we terbiýe işine çekmek, olaryň pikirlerini diňlemek, ýüze çykýan meseleleri birlikde çözmek okuwçynyň üstünliklerine oňyn möhüm şertleriň biri hökmünde görkezildi. Bu çykyşlar maňa mugallymyň her bir okuwça aýratyn şahsyýet hökmünde garamalydygyny ýene bir gezek görkezdi, Sebäbi her bir çaganyň özboluşly ukyby, gyzyklanmasy we mümkinçilikleri bar.
Forumyň ýene bir möhüm temasy – okuwçylary geljekki hünärlere taýýarlamak boldy. Häzirki döwürde tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen täze hünärleriň peýda bolýandygy, şonuň üçin mekdebiň okuwçylarynda diňe taýýar maglumatlary öwrenmek däl-de, özbaşdak pikirlenmek, döredijilikli çemeleşmek, meseleleri çözmek we täze bilimleri özbaşdak gözlemek başarnyklaryny ösdürmelidigi bellenildi. Forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň bilim ulgamyndaky tejribeler bilen tanyşmak meniň üçin örän gyzykly we peýdaly boldy. Her bir çykyşdan täze pikirleri, öz mekdebimizde ulanyp boljak iş usullaryny öwrenmäge mümkinçilik aldym. Şeýle halkara çäreler diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň bilim işgärleriniň arasynda dostlukly we hünär gatnaşyklarynyň berkemegine hem ýardam edýär.
Şeýle möhüm we manyly çykyşlaryň arasynda men hem “Что остается после школьного звонка?” – “Mekdep jaňyndan soň näme galýar?” diýen tema boýunça öz pikirlerimi we iş tejribämi paýlaşmak mümkinçiligine eýe boldum.
Çykyşymyň esasy maksady mekdebiň wezipesiniň diňe okuwça bilim bermek bilen çäklenmeýändigini görkezmekden ybaratdy. Sebäbi okuwçy mekdebi tamamlandan soň onuň eline diňe şahadatnama ýa-da belli bir derejedäki bilimler däl, eýsem onuň durmuşdaky garaýşy, adamkärçiligi, Watana bolan söýgüsi, zähmete bolan gatnaşygy we geljekki maksady galmalydyr.
Çykyşymyň ahyrynda ýene-de şol soraga dolandym:
“Mekdep jaňyndan soň näme galýar?”
Meniň pikirimçe, mekdep jaňyndan soň iň möhüm zat – mugallymyň okuwçynyň kalbynda galdyran yzydyr.
Bilim galýar.
Ýatlamalar galýar.
Dostluk galýar.
Öwredilen gymmatlyklar galýar.
Iň esasy bolsa – geljegini gurmaga taýýar täze nesil galýar.
Moskwada geçirilen bu forumdan alan esasy netijäm şundan ybarat boldy: bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin diňe täze tehnologiýalar däl, eýsem mugallymyň ýürekden edýän zähmeti, okuwça bolan ynamy, ene-ata bilen edýän hyzmatdaşlygy we her bir çaganyň aýratynlygyna hormat goýmagy zerurdyr.
Türkmenistanyň wekili hökmünde şeýle abraýly çärä gatnaşmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek we beýleki ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek meniň üçin uly tejribe boldy.
Şeýle mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
Bilim ulgamyna, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna berilýän uly üns biz-bilim işgärleri üçin hem uly ruhy goldaw hem-de jogapkärçilikdir.
Bu forumda eşiden we öwrenen täze pikirlerimizi öz işimizde netijeli peýdalanmak, okuwçylaryň bilim derejesini we terbiýesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanmak biziň esasy maksadymyz bolmalydyr. Sebäbi häzirki okuwçynyň bilimine we terbiýesine goýlan maýa goýum – Watanymyzyň geljegine goýlan maýa goýumdyr.
Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany
Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen
72-nji orta mekdebiniň müdüri
şyrowa Amanşeker Güýçgeldiýewna



















