Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili GDA ýurtlarynyň mugallymlarynyň gurultaýyna gatnaşdy
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Amanowa 1–2-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX Gurultaýyna gatnaşdy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
«Häzirki zaman wezipeleriniň döwrebap şertlerinde GDA agza döwletleriň bilim ulgamyndaky integrasiýa ýörelgeleri» atly tema bagyşlanan halkara forumda Arkalaşyga girýän ýurtlaryň bilim ulgamynyň ösüş mümkinçilikleri, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurultaýa Türkmenistanyň wekiliýeti bilen bir hatarda Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň maksatnamasynyň möhüm bölekleriniň biri bolan Mugallymçylyk ussatlygynyň IV halkara festiwalynda dürli ugurlar boýunça ussatlyk sapaklary geçirilip, pedagoglaryň öňdebaryjy tejribeleri görkezildi.
Forumyň dowamynda bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, inklýuziw bilimi ösdürmek, innowasion terbiýeçilik usullaryny ornaşdyrmak, üznüksiz hünär biliminiň mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary goldamak ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Gurultaýa gatnaşyjylar häzirki döwürde bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň durnukly ösüşi üpjün etmekde, ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda hem-de GDA döwletleriniň bilim mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar medeni maksatnamalara hem gatnaşdylar.



















