Aşgabat
Täzelikler
56
Bu kiçijik tehnologiki döwrebap enjam diňe daşky ululygy bilen däl, eýsem özüniň zarýad berijiligi bilen hem tapawutlanýar.
Urbn markasynyň rekord derejesindäki önümi, Nano Gizmoçina, 20 000 mAh kuwwatly göçme batareýalary zarýad bermäge ukyply bolup, bular beýleki akkumulýatorlaryň arasynda dünýäniň iň kiçisi diýip atlandyryldy. Onuň ölçegleri – 10,8 x 2,8 x 6,9 santimetre deň we bu enjamy jübüde hem saklap bolýar.
Bu enjamyň özüniň doly zarýadlanmagy üçin 7 sagat töweregi wagt gerek şeýlelik-de, enjam özüniň 22.5 Watt zarýad berijilik tizligi esasynda smartfonlary 0-dan 50%-e çenli güýçlendirmek üçin ortaça 30 minut talap edýär. Bu görkeziji bolsa smartfonyň, enjamyň batareýasyna we zarýad beriş güýjüne baglylykda üýtgeýär.
Urbn Nano USB-A zarýad beriji portunyň biri, USB-C portundan bolsa ikisi ýerleşdirilen. Şeýlelik-de, enjam bir wagtyň özünde telefona, gulaklyga, planşeta we hat-da, noutbuga hem zarýad bermäge mümkinçilik döredýär.
Hindistanda bu enjamyň satuwy eýýäm başlandy. Olaryň bahalary 6 amerikan dollaryndan 33,59-a çenli üýtgeýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024