Bilim — röwşen geljegiň şuglasy
Garaşsyz döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerinde halkara hyzmatdaşlyk uly orny eýeleýär. Ylym-bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelerinden ugur alýar. Halkymyz alym-danalaryň sarpasyny belent tutupdyr. Olaryň her bir pähimini rowaýata öwrüp, hakydasyna ebedi ornaşdyrypdyr.
Asyrlary aşyp gelýän şu ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi döwrebap wezipelere esaslanýar. Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýyllarynda Türkmenistanda halkara derejeli sebit we halkara maksatnamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi. Häzirki döwre çenli türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldylar, ylym-bilim işgärleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek, tejribelerini baýlaşdyrmak maksady bilen birnäçe halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar.
Şu ýylyň 1–2-nji oktýabrynda Belarus döwletiniň Minsk şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim işgärleriniň IX gurultaýy hem dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklaryň möhüm häsiýetini ýene bir gezek subut etdi. Bu gurultaýda BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan üznüksiz bilim, inklýuziw bilim, ylym-bilimiň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmak bu çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda esasy orny eýeledi. GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim işgärleriniň wekillerini özünde jemlän bu tutumly çäre «Häzirki zamanyň gaýragoýulmasyz ösüşleriniň şertlerinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim ulgamynda integrasion prosesler» diýlip atlandyryldy.
Oňa gatnaşyjylar bu çäräniň tutuş mazmunyny özünde jemlän «Mugallym ýurduň ýüregidir» diýen joşgunly şygary uly buýsanç bilen gaýtaladylar. Çykyşlar her bir mugallymyň, halypanyň, terbiýeçiniň özüne bolan ynamyny berkidip, gatnaşyjylaryň kalbyny buýsanja besledi. Belarus döwletinde geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim işgärleriniň IX gurultaýyna gatnaşan ýurdumyzyň bilim işgärleri Türkmenistanda bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň ösüşi, ýurtda bilimiň hemmeler üçin deňligini gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada dostlukly ýurtlardan gelen kärdeşlerine buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Gurultaýyň maksady GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim ulgamynda integrasion prosesleri ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmakdan, bilim işine innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly ulgamyň ösüşini çaltlandyrmakdan, özara hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işjeň gözlemekden, bilim ulgamyna netijeli tejribeleri ornaşdyrmakdan, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk esaslarynyň kemala getirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Gurultaýyň işine Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň ilkinji gününde GDA döwletlerinde bilim ulgamynyň ösüşiniň täze tejribeleri baradaky çykyşlara uly orun berildi. Gurultaýa ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň wekilleri, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýat mugallymy Jennet Şammyýewa, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, iňlis dili we edebiýat mugallymy Maýa Amanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Sahabat Turaýewa, paýtagtymyzyň 29-njy, 32-nji orta mekdepleriniň müdirleri Gülbahar Pygamowa, Mekan Mahtumow dagy gatnaşdy.
GDA gatnaşyjy ýurtlaryň bilim işgärlerini bir ýere jemlän gurultaý gyzykly medeni çärelere beslendi. GDA ýurtlarynyň IX gurultaýy oňa gatnaşyjylar üçin tejribe alyşmagyň özboluşly meýdançasyna öwrüldi. Çäräniň ikinji gününde bilimiň ösüşiniň dürli ugurlary boýunça tematiki çykyşlar guraldy. Gurultaý öz işini mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işi, orta bilim bermegiň wezipeleri, ýörite hünär bilimini okatmak, ýokary bilim bermek bilen baglanyşykly ugurlarda dowam etdi. Inklýuziw bilim bermegiň tejribeleri bilen baglanyşykly tematiki çykyşlar we okuw sapaklary guraldy. Milli bilim ulgamlarynyň tejribeleri, goşmaça bilim bermegiň ösüşi babatdaky häzirki zaman çemeleşmeleri barada aýratyn bölümçelerde söhbet edildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden çärä gatnaşyjy Jennet Şammyýewa ýurdumyzda innowasion işläp düzmeleriň bilim ulgamyndaky orny barada çykyş etdi. Çykyşlaryň soňy bilim işgärleriniň bilim we terbiýeçilik işiniň hilini gowulandyrmak bilen baglanyşykly özara pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi.
Bilim işgärleriniň IX gurultaýyna gatnaşyjylar mugallymyň häzirki zaman jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşindäki ornuna ýokary baha berip, ulgamyň ösüşinde milli tejribelere ynamly garamagyň berk esasyny düzýändigini, milli tejribeleriň ösmeginiň, bilim ulgamynda netijeli iş gurşawynyň kemala gelmegine mümkinçilik döredýändigini aýratyn bellediler.
Bägül ANNABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



















