Saglyk. Bilim. Sport: milli tejribe we täze gözýetimler
Häzirki wagtda sebit döwletleriniň hatarynda ýurdumyz saglygy goraýyş, bilim hem-de sport-bedenterbiýe ulgamlarynyň depginli ösüşi, kämil infrastrukturasy bilen tapawutlanýar. Bu hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ugrugan taryhy özgertmeleriň häzir hormatly Prezidentimiziň degişli ugra aýratyn üns gönükdirýändigi, munuň bolsa anyk işlerde aýdyň beýanyny tapýandygy bilen delillendirip bileris. Döwletimiz biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän bu ugurlaryň ajaýyp sazlaşygyny döredýär. Baş baýlygyň, saglygyň sakasy bolan sport-bedenterbiýäniň, ynsany ähli kämilligiň gözbaşyna alyp gidýän ylym-bilimiň gadyr-gymmatyna heňňamlarboýy dogry-dürs akyl ýetirip gelen halkymyz häzir bu ugurdaky gazananlaryny, baý taryhy tejribesini dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat bu aýdylanlara doly şaýatlyk etdi.
10 — 12-nji oktýabrda geçirilen halkara sergi we ylmy maslahat dünýäniň we sebitiň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň, halkara bilermenleriň hem-de lukmanlaryň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Bu bolsa halkara forumyň geriminiň giňdigini görkezýär. Foruma gatnaşmak maksady bilen, daşary ýurtlardan köp sanly wekilleriň ýurdumyza gelmegi hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändiginden habar berýär. Sergi zalyna gadam basyp, her ädimiňde ýerli we dünýäniň iri derman önümçilikleri kompaniýalarynyň diwarlyklaryna gözüň düşende, saglygy goraýşyň ösüş depginini aýdyň duýmak bolýar. Indi her ýyl geçirilmegi däp bolan gözden geçiriliş «adatdakylar ýaly» diýip bolmaz derejede tapawutlanýar. Çünki jemgyýetiň islegleri, döwür, şertler özgermek bilen.
Milli saglygy goraýyş ulgamynda ylym-bilimden başlap, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna çenli lukmançylygyň ösüş meýillerini üpjün edýän logiki zynjyryň mäkäm baglanyşygyny döretmek döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolup geldi. Her ýylda milli lukmançylyga täze kuwwat berýän saglyk desgalarynyň has giň gerimde gurlup ulanmaga berilmeginiň ilatymyz üçin zerur mümkinçilikleri döredýändigi hakynda gürrüň ýok, eýsem, halkara ylmy-kliniki merkezleriň, hassahanalaryň döredilmegi bilen, sebit ähmiýetli infrastruktura kemala geldi.
Indi ýyllardyr milli lukmançylygy, ylym-bilimi hem-de sporty özara baglanyşykly esasda hem gyradeň ilerletmäge toplumlaýyn çemeleşilip gelinýär. Bir mysal: halkara bilermenler, edil nebitgaz pudagy ýaly, türkmen lukmançylygyna-da binýatlaýyn we ýurduň tapawutly ulgamy hökmünde ýokary baha berýärler. Bu ylym-bilim we sport babatda hem şeýle. Häzirki döwrüň iň netijeli hünärleri boýunça ökde hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň, iri sport düzüminiň bolmagy aýdylanlara ýeterlik delildir. Milli lukmançylygy dünýä tejribesine kybap getirmek, döwrebap bilim-başarnykly hünärmenleri, professional türgenleri taýýarlamak babatda iň öňdebaryjy ýörelgeleredir usulyýetlere esaslanylýar. Şunda ösüşiň derwaýys şertleriniň biri bolan halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde häzirki zaman ösüş meýillerine, geljegi uly ugurlara ýykgyn edilýär. Hyzmatdaşlyk milli tejribämizi dünýä ýaýmaga we Ýer ýüzünde iň soňky gazanylanlary özleşdirmäge mümkinçilik berýän «ikitaraplaýyn gatnawly ýol» bolup hyzmat edýär.
Nobatdaky halkara forumdan gelip çykýan netijeler köpugurlydyr. Ol degişli ulgamlardaky gazananlarymyza baha bermek, seljermek esasynda hyzmatdaşlygyň ýeneki ädimlerini kesgitlemäge ýardam edýän meýdançadyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda üstümizdäki ýylyň «Saglygy goramagyň ýyly» diýlip yglan edilmegini nazarda tutsak, bu aýratyn mana eýedir. Hut şu nukdaýnazardan Awaza duşuşyklarynyň çäklerinde guralan «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara maslahatda dürli döwletlerden gelen wekilleriň türkmen lukmançylygynyň örän baý tejribä eýedigini nygtamaklary ýöne ýerden däl. Bu barada sebit döwletleriniň saglygy goraýyş boýunça ýolbaşçylary çykyşlarynda aýtdylar. Paýtagtymyzdaky ylmy maslahatda bolsa hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerine aýratyn üns çekilmegi bu işde gatnaşyklaryň wajypdygyny görkezýär.
Halkara forumyň Awaza duşuşyklarynyň yzysüre, lukmanlaryň hünär baýramyna gabatlanyp geçirilmegi özara utgaşykly çäreleriň many-mazmunyny baýlaşdyrdy. Ol maslahatlaşylan ugurlaryň anyk mysaly hökmünde milli saglygy goraýyş düzümleriniň işine, ynsan saglygyny goramakda edilýän tagallalaryň netijelerine nazar aýlamaga mümkinçilik döretdi. Halkymyzyň saglygynyň ähli zatdan ileridigini nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu forumyň tejribe alyşmakda, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş, bilim we sport babatda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýdýar. Bu hakykatdan-da şeýle. Munuň özi agzalan ulgamlarda pikir-tejribe alyşmak babatda ýylyň dowamyndaky esasy çäredir. Oňa dünýäniň dürli künjeginden — Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Russiýadan, Belgiýadan, Sloweniýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Gruziýadan, Türkiýeden, Malaýziýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan onlarça myhman gatnaşdy. Olar bilen söhbetdeş bolanymyzda, haýsy mowzugy açsak hem, ol milli lukmançylygymyzy ilerletmekde edilýän tagallalara syrygyp gidiberýär.
— Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde iň köpugurly düzüme eýe bolan ýurtlaryň biridir. Bu ýerde lukmançylyk ylmynyň, döwrebap tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlary özleşdirilýär. Bu işe öz goşandymyzy goşýandygymyza begenýäris. Geljekde hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirjekdigimizi bolsa gypynçsyz aýdyp bileris. Sebäbi saglygy goraýşy ösdürmäge uly üns berýän ýurduňyzda derman serişdeleriniň diňe ýokary hilli görnüşlerine gyzyklanma bildirilýär, şeýle-de Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açyk. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen ýurtda lukmançylyk uly ösüşlere eýe boldy — diýip, Özbegistanyň «Uzgermed pharm» kompaniýalar toparynyň hünärmeni Luiza Mahmudowa aýtdy.
Gruziýanyň Milli uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri bolsa «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty degişli ugurda Merkezi Aziýada häzire çenli gatnaşan forumlarynyň hatarynda iň giň gerimlisi hasaplaýar. Onuň bellemegine görä, bu forum işewürleriň özara hyzmatdaşlygynyň (B2B) we işewürlik-döwlet gatnaşyklarynyň (B2G) ýola goýulmagyna, emeli aň we beýleki sanly tehnologiýalaryň bu pudaklarda ulanylyşy bilen bagly milli tejribeleri öwrenmäge ýardam edýär. Bu ýerde teklipler, dürli meseleleriň çözgütleri barada garaýyşlar beýan edilýär. Gruziýaly wekiller hem halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaklarynyň esasy maksadynyň öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmak hem-de türkmenistanly ýaşlary Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerine okamaga çagyrmakdan ybaratdygyny aýdýarlar.
Halkara forumyň çäklerinde her ýylda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklary gazanylýar. Şu gezek bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini bellemelidiris. Bu resminamalaryň esasynda durýan wezipeler ýakyn geljekde anyk işlere öwrüler. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda-da hyzmatdaşlyk täze sepgitlere ýetirilip, bilelikdäki taslamalaryň täze gözýetimleri açylar.
Mümkinçilikler oýlanyşykly pikirleriň esasynda taslamalara öwrülýär. Taslamalar bolsa ykdysadyýeti kuwwatlandyrýar, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döredýär. Bu baglanyşygyň aýdyň mysallaryny ýurdumyzda islendik pudaga nazar aýlanyňda görmek bolýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport-bedenterbiýe düzümleri innowasion ösüşe uly goşant goşýan ulgamlar hökmünde täze sepgitlere çykýar.
Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».



















