Döwletlilik däplerini dowam etdirip
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilmegi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýokary derejeli forumy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Olarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen nobatdaky ählihalk geňeşi hem watandaşlarymyzy täze üstünliklere, yhlasly zähmete, döredijilikli başlangyçlara ruhlandyrdy.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler Garaşsyz Watanymyza, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde il ýüreginden turýan başlangyçlardyr beýik işler barada ajaýyp pikir-garaýyşlar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyşlarynda täze taryhy döwürde ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynda-da tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi hakda buýsançly bellenildi.
Diňe şu şanly ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri döwrebap şertlerde taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň bagtyýar nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şonuň ýaly-da, döwletli geňeşde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi biz — bilim işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. Bu resminama ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ylym-bilimli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ýaş nesli ýetişdirmekde möhüm ýolgörkeziji bolar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde-de özboluşly many bar. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň ähli üstünlikleriniň, döwletliligimiziň gözbaşynda duran mukaddeslikdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty, beren ajaýyp miweleri halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli wakalarda bütin dünýä aýan bolup, türkmen taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri bolan döwletli maslahat geçilen ýollara, gazanylan üstünliklere ser salyp, halkymyzyň röwşen geljegini gurmak ugrunda öňde durýan möhüm wezipeleri, beýik maksatlary kesgitlemäge ajaýyp mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, toý ruhunda geçirilen bu gezekki umumymilli forumyň gün tertibindäki meseleler boýunça kabul edilen çözgütler il-ýurt bähbitli işleriň täze tapgyryna badalga boldy.
Häzirki wagtda degişli dolandyryş hem-de halk wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çäreleri, çykyşlar, duşuşyklar yzygiderli guralýar. Şeýle çäreler syýasy-terbiýeçilik nukdaýnazardan uly orna eýedir. Çünki 2023-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen konstitusion özgertmeleriň netijesinde döredilen Halk Maslahatynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri-de halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekden, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekden, raýatlaryň tekliplerini nazara almakdan ybaratdyr. Jemgyýetimizde jebisligiň pugtalandyrylmagy, milli döwletlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralandyrylmagy ugrunda şeýle tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Jeren ILAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri.



















