Talyplarymyz — ýeňijiniň münberinde
Milli ykdysadyýetimizde maliýe sowatlylygy boýunça halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda türkmen talyplarynyň Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde — Sibir federal uniwersitetinde geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda gazanan üstünlikleri muny aýdyň görkezdi.
Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemlän bäsleşigiň esasy mowzugy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy peýdalanmak we şunuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmek bilen bagly boldy.
Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýedisinden talyplaryň onusy gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça bäsleşdiler. Şeýlelikde, halkara gatnaşyklar ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Dawut Abdykadyrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Sahydöwlet Hümmetjumaýew baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hukuk ugrundan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejep Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Güljahan Gurbanowa ýeňiji diýlip yglan edildi.
Abraýly bäsleşigiň ýene bir tapgyry ykdysadyýet ugrundan guralyp, onda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şükür Esedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Dawut Gezerow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Hanmuhammet Tuwakow baýrakly orunlary eýelediler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazar Begnazarow bolsa maglumat howpsuzlygy ugrundan ýeňijileriň hataryna goşuldy.
Sanly ykdysadyýetde maliýe serişdelerini we maglumatlary kiberhowplardan goramak durnukly ösüşiň möhüm şertidir. Talyplarymyzyň şeýle halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri olaryň maliýe howpsuzlygy boýunça çuňňur bilim alýandyklaryny tassyklaýar.
Robototehnikada nobatdaky üstünlik
Türkmenistanly mekdep okuwçylary robototehnika ugrundan bäsdeşlige ukyply, geljegi uly tehnologik çözgütleri, innowasiýalary işläp taýýarlamagy başarýandyklaryny halkara bilim-tejribe meýdançalarynda yzygiderli äşgär edýärler. Şu ýylyň 7 — 10-njy oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» atly robototehnika boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýaşlar wekiliýeti üstünlikli çykyş etdi.
Dünýäniň 185 döwletinden şonçarak ýygyndy topary bir ýere jemlän halkara gözden geçirilişde ýurdumyza Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow hem-de Arslan Babajyýew wekilçilik etdi. Milli ýygyndymyzy dünýä çempionatyna Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew bilen Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow taýýarlady.
«Innowasiýalary ösdürmek» mowzugynda geçirilen robototehnika gözden geçirilişi tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, ýangynlara garşy göreşmek üçin innowasion tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy. Bu bolsa oňa gatnaşyjylardan robotlary dolandyrmak ýa-da tehniki meseleleri çözmek bilen birlikde, toparlaýyn işlemek, döredijilikli pikirlenmek we çylşyrymly meseleler üçin tehnologik çözgütleri tapmak endiklerine eýe bolmagy talap edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary robotlaryň olimpiadasynda şeýle başarnyklary özleşdirendiklerini subut etdiler. Şeýlelikde, türkmen ýaşlary «Winning Alliance» ugrundan toparlaýyn bürünç, «Skills Challenge» ugrundan ýekelikde kümüş medala mynasyp boldular. Milli toparymyz ýaryşyň ýarym finalynda 185 toparyň arasynda 296 utuk toplap, 10-njy orny eýeledi.
Koreýa Respublikasynda gazanylan goşa üstünlik mekdep okuwçylarymyzyň geçen ýyl Panamada guralan robototehnika boýunça dünýä çempionatyndaky ýeňşiniň üstüni ýetirdi.
(Ýörite habarçymyz).



















