Çeper elli gyzlaryň döredijilik bäsleşigi
Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik okuwçy gyzlaryň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlandy.
Paýhasly pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň geçmişde döreden milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklary, edep kadalary hem-de birek-birege sylag-hormat goýmak, hünär öwrenmek, halal zähmet çekmek ýaly asylly ýörelgeleri bize nusgalyk mirasdyr. Aň-düşünjäniň, ylmyň we tehnikanyň ösen häzirki döwründe ýaş nesli asyrlaryň tejribesinden geçip, kämilleşdirilip, dowam edip gelýän şol asylly hem milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek örän wajypdyr.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dowamynda ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Parasatly pederlerimiz gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň edep-terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Olarda zähmetsöýerligi, ruhubelentligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy, Watana wepaly bolmagy kemala getiripdirler. Hut şeýle wajyp wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda geçirilen «Hünärli nesil ‒ röwşen geljek» atly bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, ösüp gelýän nesliň irginsiz zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine bolan ukybyny artdyrmagy maksat edindi. Şeýle hem bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gyzlar gurnaklarynyň işini kämilleşdirmäge, okuwçy gyzlary milli el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem-de amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukyp-başarnygyny we zehinini açyp görkezmäge, çeper elli okuwçy gyzlary ýüze çykarmaga giň mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň jemleýji — döwlet tapgyryna Arkadag şäherinden «Bägül», Ahal welaýatyndan «Ülker», Balkan welaýatyndan «Kebelek», Daşoguz welaýatyndan «Gülýaýdy», Lebap welaýatyndan «Bägül gülleri», Mary welaýatyndan «Gunça», Aşgabat şäherinden «Tumar» atly gyzlar gurnaklary gatnaşdylar. Bäsleşik üç şert boýunça geçirilip, onuň birinji şertine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjy ýokary synp okuwçy gyzlar öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gurnagynyň üsti bilen öwrenen hünärini şahyrana wasp etdiler hem-de asylly gyz edebi bilen, ula hormat goýmak, kiçini söýmek ýaly terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny beýan etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa, oňa gatnaşyjy okuwçy gyzlar nusgalyk el işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren, heniz gutarylmadyk milli el işlerini eminleriň gözegçiliginde (keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, jorap örmek, haly önümlerini dokamak) ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Üçünji şertde okuwçy gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, unaş kesdiler we bu milli tagamyň taýýarlanylyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, nakyllaryň üsti bilen beýan etdiler.
Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilen bu bäsleşige guramaçylar tarapyndan düzülen topar eminlik etdi. Olaryň gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň «Tumar», 1-nji orna Kaka etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň «Ülker», 2-nji orna Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň «Kebelek» we Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň «Gunça», 3-nji orna Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň «Bägül», Gubadag etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň «Gülýaýdy» hem-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň «Bägül gülleri» atly gyzlar gurnaklary mynasyp boldular.
«Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Gülzar ABAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».



















