Durnukly ulag arabaglanyşygyny ilerledip
Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, Watanymyzyň ulag-kommunikasiýa infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyz halkara giňişlikde sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň çözgüdinde ylalaşdyryjy çemeleşmeleri teklip edýän, dialog üçin amatly şertleri döredýän ýurt hökmünde tanalýar. Şu ýylyň oktýabrynyň ilkinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri syýasy çäreler döwletimiziň sebit diplomatiýasyndaky barha artýan ornuny görkezdi. Hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde, Hazar ekologiýa sammitinde we beýleki ugurdaş halkara çärelerde ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy boýunça öňe süren başlangyçlary möhüm ähmiýeti bilen tapawutlanýar.
Dünýä ykdysady ulgamynda Merkezi Aziýa tebigy serişdelere baý sebit bolmak bilen, uly sarp ediş bazaryna, ösýän önümçilik kuwwatyna we zähmet serişdelerine eýe giňişlikdir. Sebitiň ýurtlarynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri olaryň amatly geografik ýerleşişidir. Merkezi Aziýa gündogarda Hytaý, demirgazykda Russiýa, günortada Owganystan, Eýran, günbatarda bolsa Hazar deňzi arkaly Günorta Kawkaz, Türkiýe we Ýewropa ugurlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin sebit halkara söwdanyň, energiýa akymlarynyň we ulag-logistika ulgamlarynyň möhüm çatrygyna öwrülýär. Şeýle amatly geografik şertler hemişelik Bitarap ýurdumyzda logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly mümkinçilikleri emele getirýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy durnukly ulag boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etdi. 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy häzirki wagtda tutuş Ýewraziýa giňişliginde bilelikdäki ösüşleriň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogyna goşulmagy sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze geosyýasy we geoykdysady derejä çykarýar. Bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny emele getirýär. Çünki multimodal ulag-logistika geçelgelerini döretmek formatdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň logistika ulgamlary bilen Azerbaýjanyň infrastruktura mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ygtybarly köprini döredýär. Bu ýagdaý Hazarüsti halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Port infrastrukturasynyň ösdürilmegi, demir ýollaryň birleşdirilmegi we gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi sebitiň ýurtlaryna diňe bir özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy üpjün ediş zynjyrlarynda esasy orunlary eýelemäge hem mümkinçilik berýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi, döwrebap söwda flotunyň ösdürilmegi hem-de awtomobil we demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy kuwwatly logistika merkezini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Möhüm logistika, energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, özara ynanyşmagyň, açyklygyň we ýolbaşçylaryň düşünişmeginiň derejesiniň örän ýokarydygy, berkdigi, öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge giň mümkinçilikleri emele getirýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk hem Ýewraziýa giňişliginde ykdysady öňegidişligi, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. GDA formaty agza döwletlere netijeli dialogy, kooperasiýa zynjyrlaryny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamak üçin köptaraplaýyn meýdançany üpjün edýär. Arkalaşykda ykdysady diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi taryhy ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýylynda GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasyny durmuşa geçirmek, şol sanda erkin söwdany işjeňleşdirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we durnukly sebitara üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetirmek maksady bilen, ýurdumyz ähli agza döwletleriň infrastruktura mümkinçiliklerini çekmek arkaly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek konsepsiýasyny öňe sürdi. Hazar deňzi sebiti ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasydyr. Şonuň üçin, GDA goňşy ýurtlarda we sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar Hazar geçelgeleri hem örän möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Umuman, Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle mümkinçilikleriň ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşilýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky işi 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we guramanyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan Awaza syýasy Jarnamasyna esaslanýar.
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde üpjünçilik zynjyrlarynyň üýtgemegi, täze ulag ugurlarynyň gözlenilmegi, energiýa howpsuzlygyna bolan talabyň ýokarlanmagy we Aziýanyň ykdysady agramynyň artmagy Merkezi Aziýa üçin taryhy mümkinçilik döredýär. Şeýle şertlerde sebit özüniň geografik ýerleşişini diňe üstaşyr artykmaçlyk hökmünde däl, eýsem, önümçilik, söwda, logistika we maýa goýumlary çekýän ykdysady güýje öwürmelidir. Munuň üçin sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek, demir ýol we awtomobil ulgamlaryny özara sazlaşdyrmak, Hazar deňzi arkaly multimodal gatnawlary ösdürmek, energetika we sanly ulgamlary birleşdirmek aýratyn möhümdir. Şu jähetden, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, bitaraplyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty sebitiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşynda hem ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmegiň dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna üns çekip, şeýle diýdi: «Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar». Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar. Sammitde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Awaza duşuşyklarynda, Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde öňe süren başlangyçlary halkara diplomatiýanyň, netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň ähmiýetli ornunyň pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek aýan etdi.
Muhammetrahym ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.



















