Milli sport döwrebap ösüşiň ýolunda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, bedenterbiýäni we sporty döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu maksat bilen, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň binýady pugtalandyrylýar, ýaşlaryň türgenleşmegi, hünärmenleriň taýýarlanylmagy, sport ylmynyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat we sergi hem bu syýasatyň mazmunyna has çuňňur düşünmäge, geljekki wezipeleri ylmy nukdaýnazardan seljermäge mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport ulgamy bilen bagly giň gerimli maslahatlaryň geçirilmegi, ilkinji nobatda, sportuň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmakda, onuň ylmy esaslaryny berkitmekde möhüm tagallalardyr. Sport diňe rekordlardan ýa-da ýeňişlerden ybarat bolman, ol ýaş nesliň saglygyny, erjelligini, düzgün-nyzamlylygyny we watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän uly mekdepdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de ýokary netijeli sporty ilerletmek wajyp wezipeler hökmünde täze derejelere çykarylýar.
Häzirki döwürde türgenlerimiziň halkara ýaryşlardaky üstünlikleri diňe olaryň zehinine ýa-da fiziki güýjüne bagly bolmaýar. Bu netijeleriň aňyrsynda sport lukmançylygynyň, biomehanikanyň, psihologiýanyň, dogry iýmitlenmegiň, dikeldiş işleriniň hem-de ylmy esasly türgenleşik meýilnamasynyň sazlaşykly işi durýar. Dünýä tejribesiniň görkezmegine görä, taýýarlygyň her tapgyrynda maglumatlary öwrenmek, türgenleşikleri kadaly geçirmek we türgeniň saglygyny goramak ýokary netijäniň durnukly bolmagyna hyzmat edýär. Häzirki döwürde bu ugurlara aýratyn ähmiýet berilmegi ýokary okuw mekdebimiz üçin hem aýratyn ähmiýetlidir: sportuň geljegi ylmyň we tejribäniň biri-birini baýlaşdyrmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri hem döwrebap bilimli tälimçileri, bedenterbiýe mugallymlaryny hem-de sport ulgamynyň beýleki hünärmenlerini taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda dünýä tejribesine esaslanýan ylmy binýadyň berkidilmegi okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, nazary bilimleri amaly sapaklar bilen utgaşdyrmaga we ylmy gözlegleriň netijesini türgenleşikler bilen ýakynlaşdyrmaga giň ýol açýar. Şunda ýokary okuw mekdebimiziň işine uçurymlarymyzyň hünär ussatlygy, talyplaryň sport üstünlikleri we jemgyýete ýetirýän peýdasy bilen baha bermek has möhümdir.
Halkara ylmy hyzmatdaşlyk bu maksatlara ýetmegiň ygtybarly ýoly bolup durýar. Dürli döwletleriň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda golaýda geçirilen maslahat sport biliminiň milli tejribe bilen çäklendirilmeýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bu babatda özara tejribe alyşmak arkaly täze ylmy usullary öwrenmek, bilelikdäki barlaglary ýola goýmak, mugallymlaryň we talyplaryň hünär gözýetimini giňeltmek üçin täze mümkinçilikler döreýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ýurdumyzyň mümkinçiliklerine, milli sport däplerine, türgenlerimiziň taýýarlyk şertlerine laýyklykda peýdalanmak esasy ýörelge bolmalydyr.
Şu nukdaýnazardan, agzalan maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Gruziýanyň döwlet sport uniwersitetiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Gepleşikler ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklaryny yzygiderli, maksada gönükdirilen işlere öwürmek üçin möhüm esas bolup hyzmat edýär. Meýilleşdirilen işleriň durmuşa geçirilmegi professor-mugallymlaryň ylmy we usuly tejribeleri alyşmagyna, talyplaryň täze çemeleşmeleri öwrenmegine, bilelikdäki ylmy başlangyçlaryň ilerledilmegine mümkinçilik berip biler. Gazanylan tejribäniň okuw we türgenleşik işlerinde giňden peýdalanylmagy aýratyn möhümdir.
Gruziýanyň ugurdaş ýokary okuw mekdebi bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk sport pedagogikasy, türgenleri taýýarlamagyň usulyýeti we ylmy barlaglar babatda gatnaşyklary ösdürmekde berk binýat döredýär. Biziň üçin onuň ýene bir möhüm tarapy ýaş hünärmenlerde halkara derejede pikirlenmek, dürli sport ugurly mekdepleriň tejribesini deňeşdirmek endigini kemala getirmekdir. Bu başarnyk hem ýokary netijeli sportda, hem köpçülikleýin bedenterbiýede peýdalydyr.
Bu wezipeleriň wajypdygyny ýurdumyzyň türgenleriniň şu ýyl halkara ýaryşlarda gazanan netijeleri hem aýdyň görkezýär. Ýylyň başyndan bäri milli ýygyndy toparlarymyzyň agzalary halkara ýaryşlarda jemi 550-den gowrak medal gazandylar. Şol üstünliklere goşant goşanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň we uçurymlarynyň bolmagy biziň üçin aýratyn buýsandyryjydyr. Olaryň halkara ýaryşlardaky çykyşlary sport biliminiň, yzygiderli türgenleşigiň hem-de tälimçileriň zähmetiniň özara baglanyşygyny görkezýär.
Häzirki wagtda talyp türgenlerimiziň we uçurymlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryň düzüminde çykyş etmegi institutyň okuw-terbiýeçilik işiniň amaly ähmiýetini äşgär edýär. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň okuwyny türgenleşik bilen utgaşdyrmagy, saglygyny goramagy hem-de geljekki hünär ýoluna taýýarlamagy talap edýär.
Häzirki wagtda milli sportuň döwrebap ösüşi diňe ýokary netijeli sportuň meseleleri bilen çäklenmeýär. Bedenterbiýäniň sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmekdäki orny, ýaşlaryň boş wagtyny netijeli guramak, sport arkaly dostluk we özara hormat gatnaşyklaryny ösdürmek döwletimiziň öňe sürýän maksatlaryna gönüden-göni hyzmat edýär. Olimpiýa hereketiniň adalatly bäsleşik, ynsan mertebesine hormat goýmak hem-de halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň terbiýesinde möhüm orun tutýar. Şol gymmatlyklary durmuşa ornaşdyrmak sport biliminiň möhüm wezipesidir.
Mahlasy, milli sportuň we bedenterbiýäniň döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp ösdürilmegi täze gözlegleriň, döredijilikli hyzmatdaşlygyň we anyk amaly işleriň täze sepgitlere ýetmegini şertlendirýär. Bu babatda milli sportuň bilim binýadynyň hem-de amaly tejribesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi netijesinde dünýä derejeli ýeňişlere tarap ýol açýar. Sport ylmyny ösdürmäge, beden taýdan sagdyn, ruhubelent we watansöýüji nesli kemala getirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty



















