Mukaddes owaz
Ynsanyň durmuşynda hiç bir zat Watanyň ornuny tutup bilmese gerek. Çünki Watan diňe bir ýaşaýan ýeriň däl, eýsem, ilkinji ädimleriň, çagalyk ýatlamalaryň, ene hüwdüsiniň we kalbyňa ornan iň mähriban duýgularyň... mekanydyr. Ynsan nirede bolsa-da, nirede ýaşasa-da, ony bir ýer hemişe özüne çekýär. Ol ýer onuň dogduk mekanydyr.
Watan söýgüsi käte ýönekeý pursatlarda hem ýüze çykýar. Ir säher bilen dogýan Günüň nurunda, ene topragyň ysynda, obanyň asuda gijelerinde, çagalykda geçilen ýollaryň ýatlamasynda Watanyň mährini duýmak bolýar. Belki-de, şonuň üçindir, Watan hakynda aýdylan her bir söz ynsan kalbyna aýratyn täsir edýär. Çünki Watan hakynda söhbet etmek — öz ýüregiň hakynda gürrüň etmekdir. Sungat bolsa şol duýgularyň dilidir. Aýdym-saz ynsanyň aýdyp bilmedik sözlerini owaza öwürýär. Käbir duýgularyňy söz bilen düşündirmek kyn bolýar, emma bir mukam, bir aýdym kalbyň iň çuň ýerinde gizlenen duýgularyňy oýarýar. Watan hakyndaky aýdym hem şeýle. Ol diňe eşidilýän owaz däl, eýsem, ynsanyň öz köklerine, geçmişine we geljegine bolan söýgüsiniň beýanydyr.
Türkmen halkynyň durmuşynda aýdym-sazyň aýratyn orny bar. Halk aýdymlarymyzda ene topragyň gözelligi, türkmeniň myhmansöýerligi, zähmetsöýerligi we milli häsiýeti öz beýanyny tapýar. Şahyrlarymyzyň kalbyndan syzylyp çykan setirler, kompozitorlarymyzyň döreden sazlary Watanyň keşbini dürli öwüşginlerde açyp görkezýär. Her bir eser öz döwrüniň ruhuny, halkyň arzuwlaryny we ýürek owazyny nesillere ýetirýär.
Sungatyň iň uly wezipesiniň diňe bir diňleýjini begendirmek däl-de, eýsem, onuň kalbynda ýagşy duýgulary oýarmakdygyna ynanýaryn. Aýdymçy sahna çykanda, onda diňe bir özboluşly owaz däl, eýsem, uly jogapkärçilik hem bolmalydyr. Çünki ýerine ýetirilýän her bir aýdym diňleýjiniň kalbyna ýol salýar. Eger şol aýdym Watana bagyşlanan bolsa, onda ol has-da çuň mana eýe bolýar. Şeýle pursatda aýdymçy bilen diňleýjiniň arasynda görünmeýän, emma ýürek bilen duýulýan ruhy baglanyşyk döreýär.
Watany söýmek diňe bir onuň gözelligine guwanmak bilen çäklenmeýär. Watana söýgi onuň abraýyny goramak, il-günüň bähbidine halal zähmet çekmek, öz hünäriň bilen jemgyýete peýda getirmekdir. Mugallymyň bilim bermegi, daýhanyň topraga yhlas etmegi, lukmanyň adamlara şypa paýlamagy, sungat işgäriniň halkyň ruhuny belende götermegi — bularyň ählisi Watana bolan söýgüdir. Bu günki gün ýaş nesliň öňünde uly maksatlar hem-de uly jogapkärçilik durýar. Ýaşlaryň her biri öz saýlan hünärinde kämilleşip, bilimini we zehinini ýurduň geljegi üçin sarp etmelidir. Çünki Watanyň ertiri şu günüň yhlasly zähmetinden başlanýar. Ýagty ertire goşant goşmak bolsa, özüňe talapkär çemeleşmekden, wagtyňy aýawly ulanmakdan, halal zähmet çekmekden we öz borjuňa düşünmekden gözbaş alýar. Aslynda, Watan waspy diňe bir sahnada ýaňlanýan aýdym däl-de, ol her bir ynsanyň kalbynda sessiz ýaňlanýan, ömürboýy dowam edýän mukaddes owazdyr. Şol owazyň belentligi sesiň güýji bilen däl-de, ýüregiň päkligi, niýetiň arassalygy we Watana bolan wepalylyk bilen ölçenýär.
Goý, her bir ynsanyň kalbyndaky Watana bolan söýgi mukaddeslik derejesine çenli göterilip, barha kämilleşsin! Çünki owadan aýdymlar diňe sözlerden ýa sazdan däl, eýsem, Watanyň bähbidine edilen ýagşy işlerden döreýär.
Nazar GARAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.



















