Wagtyňyz ýokmy?
«Durmuşda yzyna dolap bolmaýan iň zerur zatlaryň biri näme?» diýlip sorag berilse, elbetde, köpimiz: «Wagt» diýip jogap bereris. Şonuň üçin wagty dolandyrmagy başarmak her birimiziň öz öňümizdäki esasy borjumyzdyr. Wagty dolandyrmak bolsa diňe bir meýilnama boýunça hereket etmekden däl-de, durmuşdaky iň möhüm zatlara wagt tapmakdan ybaratdyr.
Tehnologiýalar biziň işimizi ýeňilleşdirip, wagtymyzy ep-esli tygşytlamaga kömek edýär. Bu ýagdaýa logiki taýdan seretsek, onda biziň boş wagtymyz köp bolmaly dälmi, eýsem?! Ýöne, tehnologiýalar bilen tygşytlan wagtymyzy köp halatlarda ýene şolara gönükdirip, emeli işjeňligi döredýäris. Netijede, köp işlerimize ýetişmeýändigimiziň sebäbini wagtymyzyň ýokdugyndan görýäris. Şonuň üçinem durmuş duralgasynda biraz sägineliň-de, wagtymyzy nähili ulanýandygymyz hakynda pikirleneliň! Ýogsa-da: «Wagtym ýok» sözi biziň wagtymyzy maksatly ulanyp bilmeýändigimiziň bahanasy bolaýmasyn?!
Elbetde, durmuşda her bir işi ýerine ýetirmek üçin meýilnama zerur. Ýöne häzirki pursatda geljegiň meýilnamasyny yzygiderli düzmek bilen, biz şu wagtymyzy hem geljege ogurladýarys. Wagty dolandyrmak üçin galyba öwrülen «Meýilnama boýunça hereket etmeli» diýen düzgünden gaýra çekileliň-de, häzirki pursady ýaşamaga çalşalyň! Goý, ne-hä geljegiň gamy, ne-de geçmişiň ahmyry şu pursady ýaşamaga päsgel bersin. Durmuşymyzyň manysyny sagatlar däl-de, şondaky gözel pursatlaryň ähmiýeti kesgitleýär ahbetin.
Wagtyň hakyky eýesi bolmak üçin kämahal durmagy we haýallamagy hem başarmaly. Dünýäniň iň uly işewürleri we akyldarlary günüň dowamynda, iň bolman-da, bir sagat öz-özüň, öz pikirleriň bilen ikiçäk galmagy maslahat berýärler. Ine, şonda adam ömür ýolunyň nirä barýandygyny, durmuşda nämäniň has möhümdigini, wagtyny nämelere sarp edýändigini saýgarmaga pursat tapýar. Şonuň üçin käte gyssanyp barýan durmuşymyza säginmäge puryja bereliň. Başagaýlyk bilen geçip gidýän günleriň «tagamy» hem bolmaýar. Biziň ömrümiz bolsa manyly hem-de haýyrly pursatlardan ybarat.
Geliň, wagtymyzy dolandyrmak üçin elimize bir bölek kagyzdyr galam alalyň-da, geçen şu günümizi nämelere sarp edendigimiz hakynda ýazalyň. Olaryň içinde haýyrly işler köpmi ýa-da ýönekeýje, ownuk-uşak meseleler? Şol işleriň her haýsysyny bir topara böleliň-de, wagtyň terezisinde ölçemäge çalşalyň. Eger göze görünmeýän ýönekeýje zatlara wagtymyzy sarp eden bolsak, olardan many çykaryp, ony gaýtalamazlyga endik edeliň! Sebäbi taryh — seneleriň hem-de wakalaryň jemi däl-de, ondaky ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk üçin geçilen ýol. Taryhy öwrenmegimiziň sebäbi hem hut şundadyr. Goý, bize bir gezek berilýän ömür manyly pursatlardan hem-de haýyrly işlerden pürepür bolsun!
Döwran ALLABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



















