«Ýaşyl» energetika — durnukly geljegiň energiýasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek we durnukly ösüşiň täze mümkinçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitinde eden çykyşynda hem aýdyň beýanyny tapdy.
Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan hem-de Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy nygtaldy. Milli howa strategiýasyna laýyklykda, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şunda metan zyňyndylaryny azaltmak, energetika üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň ýitgilerini peseltmek we zyňyndylara gözegçiligi kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde energetika pudagynyň ösüşi diňe bir elektrik energiýasynyň öndürilişi bilen däl, eýsem, onuň ekologik netijeliligi, energiýa howpsuzlygyny üpjün edişi we geljek nesiller üçin döredýän mümkinçilikleri bilen hem ölçelýär. Şu nukdaýnazardan, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» bu ugurdaky işleriň esasy binýadyny düzýär.
Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyndan peýdalanmak üçin amatly tebigy şertleriň bolmagy bu ugurda giň mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» çäklerinde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşykly elektrik stansiýasynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde taýýarlanylan bu taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülende Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem gatnaşdy. Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle taslamalar tebigy gaz serişdelerini tygşytlamaga, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär.
Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşinde ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň orny uludyr. Sebäbi täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ýerli tebigy şertlere laýyklygyny, tehniki we ykdysady netijeliligini ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr. Institutymyzyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde bu ugurdaky ylmy barlaglar önümçilik tejribesi, halkara guramalar we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk arkaly yzygiderli giňeldilýär.
Energetika ulgamy üçin möhüm meseleleriň biri-de esasy elektrik geçiriji ulgamlardan uzakda ýerleşýän ilatly nokatlary ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmekdir. Şeýle ýerlerde dizel generatorlarynyň ulanylmagy ýangyjy yzygiderli getirmek, tehniki hyzmat we daşky gurşawa täsir bilen bagly kynçylyklary döredýär. Şonuň üçin awtonom Gün elektrik ulgamlary amatly çözgütleriň biridir. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynyň “ýaşyl” energiýa geçirilmegini goldamak» taslamasynyň çäklerinde hem bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň oktýabrynda Energetika ministrliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan, tehniki inženerlerden we ylmy-önümçilik merkeziniň işgärlerinden ybarat topar ýurdumyzyň çetki obalaryna ylmy iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda uzakdaky ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi öwrenilip, Gün energiýasyna esaslanýan awtonom ulgamlary ornaşdyrmagyň tehniki mümkinçilikleri seljerildi.
Gün energiýasynyň durmuş maksatly desgalarda ulanylmagy hem möhüm amaly netijeleri berýär. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň «Täze energiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň hassahanasynda amala aşyran taslamasynyň çäklerinde kuwwaty 15,99 kWt bolan awtonom (off-grid/hybrid) fotoelektrik Gün elektrik stansiýasy we 30,72 kWt•sagat energiýa saklaýyş ulgamy gurnalyp, ulanmaga berildi. Energiýa saklaýyş ulgamy öndürilen elektrik energiýasyny zerur wagty peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Bilim ulgamynda hem şeýle tejribe giňeldilýär. ÝUNISEF tarapyndan maliýeleşdirilen taslamanyň çäklerinde merkez «Paýhasly ýaşlar» hususy kärhanasy bilen bilelikde Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde kuwwaty 12 kWt bolan awtonom fotoelektrik Gün elektrik stansiýasyny gurmaga gatnaşdy. 50 kWt•sagat energiýa saklaýyş ulgamy bilen üpjün edilen desga mekdebiň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny gazanmaga, şeýle hem okuwçylaryň arasynda energiýa tygşytlylygy we daşky gurşawy goramak baradaky düşünjeleri ösdürmäge hyzmat edýär.
Ylmy-önümçilik merkeziniň işleriniň ýene bir möhüm ugry energiýa, suw serişdeleri we ekologiýa meselelerini özara baglanyşykda öwrenmekdir. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde «Mikrosuwotulary we Gün energiýasy bilen işleýän suw sorujy ulgamy ulanyp, zeýkeş suwlaryny arassalamak» atly ylmy-synag işi alnyp barylýar. Taslama Gün energiýasy bilen işleýän suw sorujy ulgamyň we mikrosuwotylaryň kömegi arkaly zeýkeş suwlaryny arassalamagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir. Bu iş suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, zeýkeş suwlaryny gaýtadan ulanmak we suw hojalygynda energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ylmy-amaly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda merkezde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan 8 sany ylmy tema boýunça barlaglar geçirilýär. Olar gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga we amaly çözgütleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Barlaglaryň netijeleri boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy neşirlerinde makalalar çap edilýär, oýlap tapyşlara degişli patentler alynýar, halkara ylmy maslahatlarda çykyşlar edilýär.
«Ýaşyl» energetikanyň geljegi, ilkinji nobatda, ýokary bilimli hünärmenlere we ylmy işgärlere baglydyr. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2014-nji ýyldan bäri adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. 2022-nji ýylda bolsa «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň esasyndaky energetiki desgalar» ugry boýunça aspirantura açyldy. Bu ugurlarda Gün we ýel energiýasynyň nazary esaslary, häzirki zaman tehnologiýalary, energetiki enjamlaryň işleýiş ýörelgeleri boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ylmy-önümçilik merkeziniň amaly taslamalarynyň okuw we ylmy-barlag işlerinde peýdalanylmagy talyplara Gün panelleri, inwertorlar, energiýa saklaýyş ulgamlary we awtonom elektrik stansiýalar bilen iş ýüzünde tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, institutymyzda we onuň garamagynda hereket edýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde alnyp barylýan işler «ýaşyl» energetikanyň diňe bir geljegiň meýilnamasy bolman, eýsem, şu gün durmuşa geçirilýän ylmy-amaly ugurdygyny-da görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «COP31» maslahatynyň belent münberinde öňe süren başlangyçlary Türkmenistanyň dünýäniň ekologik meselelerine jogapkärli çemeleşýändiginiň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändiginiň we anyk çözgütleri goldaýandygynyň beýanydyr. Howanyň üýtgemegine garşy göreş diňe bir şu günüň wezipesi bolman, eýsem, geljek nesilleriň ýaşaýyş şertlerini gorap saklamak babatdaky umumy jogapkärçilikdir. Ýurdumyzyň «ýaşyl» ösüşini üpjün etmekde, bu ugurdan giň düşünjeli, döwrebap ylym-bilimli hünärmenleri taýýarlamakda uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent.



















