DURMUŞYŇ GÜL-GUNÇALARY
Ýekeje çaganyň ýylgyrmagyna sebäp bolmak hem dünýä beriljek iň gowy sowgatlaryň biridir.
Çaga gülküsi durmuşyň iň kämil sazydyr, onuň ýaňlanan ýerinde ähli gam-gussalar zym-zyýat bolýar.
Bahar paslyny güller bezeýär, durmuşymyzy — çagalar. Ýazyň gelmegi bilen güller açylýan bolsa, maşgalada çaganyň dünýä inmegi bilen şol ýere bahar gelýär.
Adam diňe bir geljegini däl, eýsem, geçmişini hem çagalarynda görýär.
Ene-atanyň çagasyna berýän mähir-söýgüsi — bu ertirki güne ýakylan öçmejek çyrag.
Çagalar dünýäni gözleri bilen däl-de, ýüregi bilen görýärler.
Edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmek dünýäniň gowulyga tarap özgermekine goşantdyr. Şonuň üçin terbiýe — hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak hazyna.
Çaganyň hyýaly — serhetsiz älem.
Dünýäniň ähli baýlygy hem çaganyň kalbyndaky şatlygyň we gözlerindäki umydyň öňünde ejizdir.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Çeşmesi: Nesil gazeti



















