ÝAŞLYK WE ÝEŇIŞ: BERKARAR WATANYMYZYŇ BELENT YNAMYNA SARPA
Asuda asmanymyzyň astynda, parahatçylygyň höküm sürýän eziz Diýarymyzda her bir gün täze üstünlikler we belent sepgitler bilen dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ýaş nesil baradaky aladadyr. Ýaşlaryň bagtyýar geljegi, döwrebap bilim almagy we ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler halkymyzy, aýratyn-da, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmet söýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir» diýip, ýaş nesle bildirýän uly ynamyny nygtaýar.
Şeýle belent ynamdan güýç-kuwwat alan, ýurdumyzyň edebiýat, sungat, medeniýet, oba hojalygy, ylym, sport, saglygy goraýyş, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri hem-de olaryň döwletimiziň we halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini jemgyýetçiligiň arasynda giňden wagyz etmekde aýratyn işjeňlik we döredijilik ukybyny görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular.
Şolaryň hatarynda meniň hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görülmek bagtyna eýe bolmagym aýratyn buýsançly wakadyr. Bu sylag meniň durmuşymda iň ýatdan çykmajak, iň buýsançly we bagtly pursatlaryň biri bolup galar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, alyp barýan işimize berlen şeýle ýokary baha biziň her birimiz üçin uly höwes we täze üstünliklere tarap ynamly ädimdir. Munuň üçin ýaşlaryň kalbyndaky buýsanjyň we minnetdarlygyň çägi ýokdur.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagy, döredijilik we zähmet mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi, zehinlerini we başarnyklaryny giňden açyp görkezmegi, şeýle hem döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyzyň bagtyýar geljeginiň, ýurdumyzyň ösüşiniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Uzukjemal BÄŞOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Çeşmesi: Ýashlar gov.tm



















