Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Туркменистан Министерства науки и образования. Инновационный информационный центр. 2024
slogan
Централизованный сервисно-информационный портал Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Новости

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

ARKADAG ŞÄHERINIŇ EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSALYGY BILEN TAPAWUTLANÝANDYGY HAKYNDA ÜSTÜNLIK ŞAHADATNAMASYNY SYLAGLAMAK DABARASY

13.03.2025

183

ARKADAG ŞÄHERINIŇ EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSALYGY BILEN TAPAWUTLANÝANDYGY HAKYNDA ÜSTÜNLIK ŞAHADATNAMASYNY SYLAGLAMAK DABARASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ajaýyp sahypadyr. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdydyr. Arkadag şäheri iň häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly dolandyryljak administratiw, durmuş, hojalyk, önümçilik düzümlerini özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan, iň ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyzyň orun almagy şäheriň täsinligini, özboluşlylygyny, üýtgeşik gözelligini, kalbymyza ýakynlygyny şertlendirýär.

Ynha bu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Arkadag akylly şäheriniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakynda Üstünlik Şahadatnamasy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu sylaglamak dabarasyny türkmen halky uly şatlyk-şowhun bilen garşy aldy. Şeýle Halkara derejesinde uly hormata mynasyp bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti pähim-paýhasyndan, taýsyz tagallalary netijesinde guruldy. Şäheriň binagärlik keşbinde, ýollaryň aýlawlarynda bedew şekilleridir heýkelleriň ulanylmagy, milli buýsanjymyzy alamatlandyryp, şähergurluşygynyň umumy keşbine üýtgeşik gözellik çaýýar.

Milli gymmatlyklarymyzy halkara derejesinde wagyz etmekde uly işler bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň muzeýiniň gözegçisi

Ogulbagt Hojalyýewa

neutrality.gov.tm

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Туркменистан Министерства науки и образования. Инновационный информационный центр. 2024