Новости
672
Ýakynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulag institutynyň hem-de “Kaspi ylmy žurnaly” atly ylmyneşiriň bilelikde yglan eden “Iň gowy ylmy makala — 2025” atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
Bäsleşik psihologiýa,pedagogika, tehnosferahowpsuzlygy, maglumattehnologiýalary ugurlary boýunça geçirilip, oňa Russiýanyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň mugallymlary, talyplary we ylmy işgärleri tarapyndan 50 töweregi ylmy işler hödürlenildi.
Halkara ylmy-barlag bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülruh Gurbanowa, şol kafedranyň mugallymy Aýjemal Hajyýewa, pedagogika kafedrasynyň mugallymy Meretdurdy Meretdurdyýew, psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary Ýazgurban Işanowa we Söýli Orazowa “Psihologiýa. Pedagogika” ugry boýunça iň gowy ylmy makalalaryň awtorlary diýlip yglan edildi. Şeýle hem bäsleşigiň netijeleri boýunça redaksiýanyň geňeşiniň karary bilen, iň gowy makalalaryň awtorlaryna degişli ugurlar boýunça ýeňijiniň diplomlary gowşuryldy.
Ýeňijileriň işleri bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň teklibi bilen “Kaspi ylmy žurnalynyň” ylmy neşirinde çap edilmäge we РИНЦ (Российский индекс научного цитирования) maglumat binýadyna ýerleşdirilmäge hödürlenildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.