
Новости
160

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünliklerini hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp,
Dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan şu okuwçylaryň her birini 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
1. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedowiç Ilmämmedowy;
2. Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradowy;
Dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan şu okuwçylaryň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
3. Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradowiç Meýlismyradowy;
4. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýsenem Kakamyradowna Kakamyradowany;
5. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Diýar Allaberdi ogly Döwletowy;
6. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Rüstem Gadamowiç Jumaýewi;
Dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan şu talyplaryň her birini 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
7. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Batyr Wepaýewiç Öwezmyradowy;
8. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Berdimyradowiç Goçyýewi;
9. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň takyk bilimler fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gurtgeldi Garly ogly Hanowy;
10. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dursunjemal Hanmyradowna Ataýewany;
Dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan şu talyplaryň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
11. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mähriban Kakamyradowna Kakamyradowany;
12. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şükür Esedowiç Esedowy;
13. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dawud Zakirjanowiç Abdykadyrowy;
14. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Amanmyrat Annamuhammedowy;
15. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jennet Allaberdiýewna Berdiýewany;
16. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Orazmyrat Sähetmyradowiç Sähetmyradowy;
17. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Toýlyýewiç Toýlyýewi;
18. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şabibi Amandurdyýewna Nurjanowany;
Dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan şu talyplaryň her birini 100 000 (bir ýüz müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
19. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maglumat tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Arazberdiýewna Ödäýewany;
20. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmyrat Baýramowiç Ataýewi;
21. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýewiç Emirkulyýewi;
22. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýakup Ýazgeldiýewiç Annaorazowy;
23. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Batyrowy;
Dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan şu mugallymlaryň her birini 100 000 (bir ýüz müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
24. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Muhammetdurdyýewiç Mämmedowy;
25. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Pälwan Agamyradowiç Agamyradowy;
26. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň fizika mugallymy Kerim Atamyradowiç Çerkezowy;
27. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanowy;
28. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Köstekýazowiç Ýollyýewi;
29. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Allamyrat Geldimyradowiç Amanmädowy;
30. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýagmyr Ahmedowiç Tulekowy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.