
Новости
67

Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwletliler köşgüniň terbiýelenýän çagalara ýörite Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjilik sowgatlary, interaktiw okuw tagtasy, saz gurallar toplumynyň gelip gowuşmagy bizi diýseň begendirdi. Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek döwletimiziň esasy maksatlarynyň biridir. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleri, ahlak gymmatlyklary, Watana bolan söýgüsi, milli däp-dessurlara hormaty, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygy kemala gelýär. Biziň döwrebap bilim, terbiýe almagymyz üçin mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halkara hukuguň umumy ykrar edilen kadalaryna ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar. Bu babatda halkymyz asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ýörelgeleri kemala getiripdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çagalaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen hukuk kepilleriniň toplumynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ýaş nesliň aýratyn üns alada bilen gurşalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu gün uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köşgümizde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýer Aýazbaba we Garpamyk gelipdirler. Döwlet baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow yzygiderli aladasy netijesinde ýaş nesilleriň aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmekleri, köptaraply ukyp başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan bize gelip gowşan sowgatlar toý şatlygyny has-da artdyrdy.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan
Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň
XII synp okuwçysy Aýna Çaryýewa
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.