
Новости
70

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara geçirildi. Köşkde terbiýelenýän, ylym-bilim alýan çagalara Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite süýjilik sowgatlary, saz gurallar toplumy hem-de interaktiw okuw tagtasy gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumy ykrar edilen kadalara hem-de halkymyzyň milli ynsanperwer däplerine esaslanýan durmuş syýasaty Türkmenistanda çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagyny kesgitleýär. Biziň ýaş nesillerimiziň ruhy hem-de beden taýdan ösmegi köpugurly zehinleriniň hemmetaraplaýyn açylmagy üçin ähli şertler döredilendir.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalar konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler. Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň çagalaryň çeper elleri bilen ýerine ýetirilendigi bellemek gerek. Çagalar dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ajaýyp arçanyň ýanynda goşgy okadylar, göçgünli tanslary hem-de eziz diýarymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän, şonuň ýaly-da söýgüli Täze ýyl baýramyna bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýaş zehinlileriň çykyşlary Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanyp begençleriniň çägi bolmady.
Gahryman Arkadagymyz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Çagalar hormatly Prezidentimize hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny beýan etdiler.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan
Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň
terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary
Gülşat Karaýewna Orazgeldiýewa
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.