

Новости
2453

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda kooperatiw mekdebinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 3-ne Mugallymlar we talyp ýaşlar bilen Ata Watanymyzyň 2026-njy ýyly “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygaryna bagyşlanyp maslahat geçirildi! Maslahatyň dowamynda Milli Maksatnamalarymyzda bellenilen sepgitleri üstünlikli ýerine ýetirilýän häzirki zamanymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda kämilleşmeler giň gerim alýandygy barada deliller bilen pikir alyşyldy!
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il –ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap alkyşlandy!