
Новости
767

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda täze, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny ýokary ruhubelentlikde, ýagşy niýetler, päk arzuwlar bilen garşylady. Bu şygar ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiziň ata Watanymyzyň döredijilikli kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň we halkymyzyň tutanýerli zähmetiniňalamatydyr.
Täze ýyl baýramy-arzuwlaryň hasyl bolýan döwri. Ol ýyllaryň hem-de ömürleriň sepgidi. Täze ýyl hemmeleriň, ylaýta-da, çagalaryň kalbyny ak arzuwlara ganat bagladýan baýram. Täze ýyl baýramynyň şowhunynyň barha artýan günlerinde ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, Mary welaýatynda geçirilýän çäreler hem giňden dabaralanýar.
Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş günleriniň meýilnamasy işlenilip, taýýarlandy. Häzirki günlerde bolsa, taýýarlanan meýilnama laýyklykda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýat häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançasyndaky Baş arçanyň ýanynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän aýdym-sazly baýramçylyk çäreler, tebigatyň gözel künjeklerine, medeniýet ojaklaryna, seýilgählere, taryhy ýerlere guralýan gezelençler, duşuşyklardyr bäsleşikler giň gerime eýe bolýar.
Çagalaryň gyşky dynç alşy bilen baglanyşykly çäreler ýakynda Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde hem geçirildi. Täze ýylyň ilkinji günlerinde ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak, olary sporta giňişleýin çekmek we bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen 10-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň arasynda “Sagdynlyk-baş ýörelgämiz” ady bilen geçirilen sport ýaryşy şowhunlylygy bilen tapawutlandy.
Çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sporta, bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 7-9-njy synplarda bilim alýan okuwçylaryň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka we düzzüm görnüşi boýunça geçirilen ýaryş bolsa, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berdi. Şeýlelik-de, bäsleşige birkemsiz taýýarlykly gelen bagtyýar çagalar ýokary netijeleri görkezip, olar sagdyn durmuş ýörelgelere eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdiler.
Ýörite düzülen meýilnamalar esasynda zehinli mekdep okuwçylaryny döwlet we halkara ders bäsleşiklerine taýýarlamak boýunça Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde geçirilen ders bäsleşikleri hem giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmekde, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek babatynda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndan ugur alyp,ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek hem-de olara milli medeni gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwretmek maksady bilen «Gadymy Merw» taryhy medeni döwlet goraghanasyna guralan gezelenç çäresi ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Okuwçy ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli mirasa sarpany kämilleşdirmek maksady bilen Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebinde “Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň ähmiýeti” diýen at bilen kitap sergileri guralyp, ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ajaýyp mazmunlary esasynda pikir alyşmalary hem-de nusgawy kitaplaryndan parçalary ýatdan aýtmak boýunça bäsleşikler geçirildi.
Şu günler şäherimiziň Täze ýyl arçasynyň töwereginiň şatlyk-şowhuny hem egsilenok. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýat häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançasyndaky Baş arçanyň ýanynda Mary şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak agzalarynyň gatnaşmagynda guralan aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary baý many-mazmun bilen utgaşyp, göwünleri galkynan ýaş nesilleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar.
Mahlasy, çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi gyzykly, şatlykly dowam edýär, täsirli pursatlara beslenýär. Ýene sanlyja günlerden bilim ojaklarynda okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň badalga aljakdygy şübhesizdir.
Taýýarlan:
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
baş hünärmeni Ogulşeker Geldiýewa
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.