
Новости
735

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri maslahatlaşmak, 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek hem-de ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy we daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriň maslahaty «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen geçirildi.
Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek barada bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini, okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny, okatmagyň usulyýetini hem-de bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek, öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek, ýaýratmak, okuwçylary ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek barada öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän pedagogik işgärleriň çykyşlary täsirli boldy. Maslahat işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirildi.
Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.