
Новости
396

Şu gün Arkadag we Aşgabat şäherlerinde okaýan mekdep okuwçylaryndan ybarat robotehnika topary IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň dünýä finalyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ugradylar.
Mundan öň onlaýn tapgyrda altyn, kümüş we bürünç medallary gazanmagy başaran ýaş zehinlerimiz, indi 2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda dünýäniň iň güýçli ýaş oýlap tapyjylary bilen ýüzbe-ýüz bäsleşerler.
Bäsleşigiň ugurlary:
Robot maze (Robotlaryň labirintden geçmegi)
Line follower (Çyzygy yzarlaýan robotlar)
Mini sumo (Robotlaryň göreşi)
Topara Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Halil Kowusow we Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýärler.
Bu halkara sergisi diňe bir tehnologik bäsleşik bolman, eýsem türkmen ýaşlarynyň dünýä innowasiýa giňişliginde öz orunlaryny berkitmekleri üçin uly mümkinçilikdir. Biz hem ýaşajyk robototehniklerimize Dubaýda geçiriljek final tapgyrynda uly üstünlikler we täze ýeňişler arzuw edýäris!
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta
mekdebiniň müdiri N.Hallyýew
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.