

Новости
700

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda, ýagny şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Permanlaryndan, Kararlaryndan, “Türkmenistanda umumy-bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ornaşdyrmak, şeýle-de çagalara ýokary hilli bilim-terbiýe bermekde we olary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda oňyn netijeleri gazanmakda bilim işgärleriniň bilim derejelerini, hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Halkara iş tejribesine laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynda inklýuziw bilim, çagalaryň irki ösüşi we irki goşulyşma boýunça pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň ýollary” atly döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahaty Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilýär.
Inklýuziw bilim – ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan ähli çagalaryň bir bilim gurşawynda bilelikde okadylýan bilimdir. Bu bolsa, hemme çagalaryň, olaryň mümkinçiliklerine garamazdan, bilelikde öwrenip we öz şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýän bilim ulgamyny döretmegi, her bir çaganyň özboluşly ýagdaýlaryna garamazdan, bilim ulgamyna doly gatnaşmagyna mümkinçilik berýän ösüş ugruny döretmegi öz içine alýar.
Türkmenistan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda has inklýuziw (toplumlaýyn) ulgamy döretmek we has takygy, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalary umumy bilim gurşawyna goşmak üçin uly tagallalar edýär.
Türkmenistanda inklýuziw bilim fiziki we intellektual aýratynlyklaryna garamazdan, ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleri döretmäge gönük-dirilendir. Türkmenistan bilimiň elýeterliligini we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy ýeňilleşdirýän kömekçi enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edip, saglyk ýagdaýy sebäpli müm-kinçilikleri çäkli bolan çagalary işjeň goldaýar.
Bilim özgertmelerini hasda işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babat-daky işleri dowam etdirmeklik biziň, ýagny mekdebe çenli bilim ulgamynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Bu asylly başlangyjy amala aşyrmakda uly-uly işler alnyp barylýar.
Milli bilim ulgamy ösýär, özgerýär, belentden-belent üstünlilklere beslenýär. Ata Watanymyzda ösüp gelýän çagalaryň ylymly-bilimli, sowatly bolmagy ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkada-gymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesilleriň alkyş sözleri egsilmeýär. Goý, bagtyýar çagalygyň, ähli arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrülen Türkmenistan döwletimizde körpeleriň şadyýan gülki sesleri, şirin owazlary hemişe ýaňlansyn!
Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, biziň gelejegimiz bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaksiz sagbolsun aýdarys!
Goý, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maral Pirliýewa
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.ý.ý.