

Новости
25

2026-njy ýylyň 04-nji martynda Söwda-kooperatiw mekdebinde Hormatly Prezidentimiziň “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdymyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” 20.02.2026ý. çykaran kararyna laýyklykda beren pul sowgady dabaraly ýagdaýda talyp gelin-gyzlara gowşuryldy.
Talyplar bu uly hormaty üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirip, uzak ömür, döwlet bähbitli işlerinde üstünlik arzuwlap uly şowhun bilen begençlerini mälim etdiler!