
Новости
101

21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky bag ekiş möwsümine dabaraly badalga berlip, paýtagtymyzyň günorta künjeginde giň gerimli ekologiýa çäresi ýaýbaňlandyryldy. Bu asylly çärä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, döwlet Baştutanymyzyň bag nahalyny oturdyp beren ak patasyndan ruhlandylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ýörite Karar esasynda 2026-njy ýylda jemi 3 million düýp nahal ekmek meýilleşdirildi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri tarapyndan 1,5 million düýp, şeýle hem welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýene-de 1,5 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallarynyň ekilmegi üpjün ediler.
Döwlet ähmiýetli bu maksatnamanyň çäklerinde ekilýän nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyna we olara ylmy esasda ideg edilmegine aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy goramak ministrligine ähli edara-kärhanalary ýeterlik mukdarda üç ýyllyk bag we üzüm nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy. Bu giň gerimli işler Watanymyzyň ekologik abadançylygyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti