
Новости
105

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary we çäreleri yzygiderli guralýar. Bulardan başga-da, fiziki işjeňligi artdyrmak maksady bilen olimpiýa hereketi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu aýdylanlardan ugur alnyp paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde Bütindünýä Saglyk gününiň öňisyrasynda okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda "Saglygym baş baýlygym" atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bellenilişi ýaly halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn jemgyýetini ösdürmekde şeýle hem ýurdumyzyň ilatlarynyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak maksadyny gazanmaklyk üçin welaýatlarymyzyň şäher we obalarynda saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalarynyň, derman kärhanalarynyň, dynç alyş seýilgähleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr.
Türkmenlerde “saglyk” iň uly baýlyklaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda saglyk çäreler her ýylda aprel aýynyň bütin dowamynda örän işjeň, dabaraly ýagdaýlarda geçirilýär. Bütindünýä saglyk gününde ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörüşlerini guramaklyk däbe öwrülip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Örän gysga wagtyň içinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kämil derejede alyp barmaklyk üçin ýurdumyzyň her çar ýanynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän birnäçe stadionlar, sport mekdepleri, sport meýdançalary, sport we bedenterbiýe sagaldyş toplumlary, atçylyk sport toplumlary, şeýle hem Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherçesi gurlup, kämil-döwrebap sport düzümleri döredildi. Bularyň ählisi bolsa sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde, halkyň geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramakda, türkmen milli sportyny halkara derejesinde ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyz BMG we onuň iri düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arakadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy