
Новости
270

Şu gün paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiaýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde "Berkarar döwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly Watanyň bagtyýar türgenleri" atly köpçülikleýin bedenterbiýe çäresi giň gerimde geçirildi. Ýaş türgenler bu çärelere uly ruhybelentlik bilen işjeň gatnaşdylar.
Her ýylyň 7-nji aprelinde — Bütindünýä saglyk gününde paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, dürli sport çäreleriniň giň gerime eýe bolmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygyny aýdyň subutnamasydyr. Sport we bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini kemala getirýär. Saglygy goramak maksady bilen, dürli sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegini, berk bedenli bolmaklaryny üpjün edýär.
Belli bolşy ýaly, saglygy goraýyş, bedenterbiýedir sport jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ulgam bolup, raýatlarymyzyň esasan hem ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda edilýän alada hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň berýän uly ünsi netijesinde adamyň beden, ruhy we ahlak taýdan ösüşiniň toplumlaýyn milli ulgamynyň döredilmeginiň syýasy ugrukdyryjy, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň hereketlendiriji güýji bolup durýar.
Ýaş olimpiaýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde bu çärelere işjeň gatnaşan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy