
Новости
250

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk
dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 4-nji integrirlenen
olimpiadanyň II (welaýat) tapgyrynyň netijeleri
“netijeleri görmek üçin şu ýere basyn”
Bellik:
1) Her soragyň dogry jogabyna 10 baldan berildi.
2) 10 we ondan ýokary bal alan okuwçylar III (jemleýji) tapgyra geçmäge hukuk gazandylar.
3) 4 baldan pes netije görkezen okuwçylar ýokardaky sanawda görkezilmedi.
4) “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 3-nji integrirlenen olimpiadanyň (geçen ýylky) jemleýji tapgyrynda ýer alan okuwçylar bu ýylda geçiriljek jemleýji tapgyra göni gatnaşarlar.
III tapgyr-jemleýji tapgyry bolup, bu tapgyr II tapgyrda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçirilýär. Bu tapgyry 2026-njy ýylyň iýun aýynda tomusky dynç alyş görnüşinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde gurnalýar. Bu tapgyryň ýumuşlary “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa”, “Biologiýa” derslerinden düzülen soraglaryndan ybarat bolup, guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanýar. Bu tapgyryň netijelerini guramaçylyk topary kesgitleýär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär. Bu tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň I derejeli agzalary diýlip hasaba alynýarlar.