Çagalar — biziň umyt-arzuwlarymyz
Röwşen ertirlerimiziň eýeleri bolan çagalar durmuşyň güllerine deňelýär. Şoňa görä-de, halkymyzyň ýokary ynsanperwer ýörelgelerine eýerilip, howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. 26-njy sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hem-de Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan körpelere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülik sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalar hakdaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Täze taryhy döwürde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Milli Liderimiz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan dürli süÇeýjülikleriň gowşurylmagy ýaş nesliň şatlygyna şatlyk goşup, olaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Şeýle dabara paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Döwletliler köşgünde hem uly ruhubelentlige beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iberilen süýjülikli sowgatlar bu ýerde terbiýelenilýän çagalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümlerinden, ir-iýmişlerden we çörek önümlerinden ybarat sowgatlary çagalar uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Olar özleriniň sazlaşykly ösüşi ugrunda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, bu pursatlar sahawatlylyk, haýyr-yhsanlylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.
«Nesil».



















