Asylly zähmet hormata ýetirýär
Ýyllar ýyllardan zyýada diýleni. Şol ýyllaryň belli-belli günleri ynsan durmuşyny bezeýär. Begençli, şatlykly günleriň hakydamyzda orun almagy bolsa ýagty geljege ruhlandyrýar. Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabadyň dürli künjeginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny belende götermäge uly goşant goşýan, dürli pudaklarda zähmet çekýän iň gowy hünärmenlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Biz hem asylly zähmeti bilen belent hormata mynasyp bolan watandaşlarymyzyň käbiriniň joşgunly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Tirkeş AGYLOW,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:
— Çärýek asyrdan gowrak wagt bäri mugallymçylyk bilen meşgullanýaryn. Ýaş nesle bilim bermek sogaply iş. Sebäbi bilim ruhy hazyna hökmünde ynsanyýetiň dowamaty bolup, nesilden-nesle geçýän gymmatlykdyr. Parasatly ata-babalarymyzam ruhy gymmatlyklarymyza sarpa goýýar. Muňa buýsanýarys, guwanýarys. Bir oglum bilen ýene bir gyzym meniň yzyma eýerip, mugallymçylyk kärine imrindi. Olar hem-ä nesil dowamatym hemem söýgüli kärimi dowam etdirijilerdir. Asuda ýurdumyzda şeýle bagtyň eýesi bolup ýaşamakdan gaýry bagt barmydyr, eýsem?! Dogrusy, ylma teşne ýaş kalplaryň gözlerindäki hyjuwyny bilimdir terbiýe bermek arkaly kanagatlandyrmak mugallymyň wezipesidir hem-de baş täjidir. Bu babatda ähli bilim işgärlerine belent sepgitleri arzuw edýärin.
Şatlykly günümde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Nesip bolsa, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesle bilim bermekde elde barymy gaýgyrman zähmet çekerin.



















