Taryhy wakalaryň beýany
Mälim bolşy ýaly, 23-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi hem-de täze taryhy döwürde öňümizde duran derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy.
Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmakda we ösüşleri rowaçlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň aýratyn orny bardyr. Bu milli demokratiýamyzyň, asylly ýörelgelerimiziň rowaçlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşiniň has-da ýokarlandyrylmagynda halk bähbitli işlere uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ösüşiň berk binýady hakynda giňişleýin bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ugurlara seredilendigini bellemek gerek. Şeýle taryhy mejlisde ýaşlar hakynda hem möhüm çözgütleriň kabul edilmegi buýsandyryjydyr. Has takygy, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu günki günde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty netijesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär, olaryň sagdyn ösmegi, bilim öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatlyPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taryhy çykyşyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik ösüşlerini aýdyň beýan edýär, halk bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň ýoly kesgitlenýär. Häzirki wagtda baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşulýar. Eziz Diýarymyzda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýet halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adalatly raýat jemgyýeti milli demokratik ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy şanly wakalara beslendi. Halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, taryhy wakalara eýe bolmagy biziň ählimizde buýsanç döredýär. Bularyň ählisi halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda hem, milli demokratik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmekde hem berk binýat bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden buýsandyrdy, köňüllerde şatlyk döretdi.
Ogulşeker GAÝYPOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiri, Köpetdag etrap Halk Maslahatynyň başlygy.



















