Garaşsyzlyk — özygtyýarlylygyň we berkararlygyň nyşany
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy türkmen halkyna miýesser etdi. 35 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak syýasatyny alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, berkarar Watanymyz baş baýramyny uludan toýlady. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şowhuny ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlerine ganat bekleýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, joşgun bilen garşylanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň ösüşleri aýdyň beýan edildi.
Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň göterilmegidir. Garaşsyzlyk eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk bize milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy gaýdyp berdi. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar taryhy ýoly geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň we jebisligiň dabaralanýan mekanyna öwrüldi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň baş maksady we esasy wezipesi döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň eýerip gelen we asyrlaryň synagyndan geçen demokratik ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamyny emele getirýändigini bellemek guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Çünki bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň dabaralanmagy üçin kabul edilen möhüm kararlardyr çözgütler mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň has-da berkemegine itergi berer.
Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljahan GURBANOWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.



















