Belent maksatlar rowaçlanýar
Ýurdumyzda ylym we bilim ösdürilýär. Beýik işleriň üstünlikli alnyp barylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýşyny üpjün etdi. Olaryň many-mazmuny, ähmiýeti ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda has-da aýdyň duýulýar.
Berkarar ýurdumyzda syýasy, ykdysady, şeýle hem medeni kuwwaty has-da ýokarlandyrmakda ylym we bilim gorunyň artdyrylmagynyň, ösen tehnologiýalaryň giňden durmuşa ornaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň örän ýokarydygyny gazanylýan ösüşler subut edýär. Ýurdumyzda döwrebap işleriň alnyp barylmagy halkara derejeli dürli ugurlara degişli ýokary bilimli hünärmenleriň mümkinçiligini has-da artdyrýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin milli we dünýä tejribesine laýyklykda hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny başarnykly ulanýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine, onuň netijeliligine uly ähmiýet bermegi bilen bilimiň we ylmyň ýaşlarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülendigi bellenmäge mynasyp. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklary döwrebaplaşdyrylýar, täze binalar gurlup ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda zähmet çekýän türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy üpjün edilýär. Ylym-bilimiň ösmegi ýaşlaryň kämilligini üpjün edýär. Hut şonuň netijesinde hem halkymyzyň milliligine we halkara oňyn tejribesine daýanýan ýokary medeniýetli, ynsanperwer we adalatly jemgyýet kemala getirildi. Berkarar Watanymyz häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanyp, ösüşleriň röwşen ýoly bilen okgunly öňe barýar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň täze taryhy eýýamda üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda onuň her bir pudagynyň ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şunda Watanymyzyň kuwwatyny şertlendirýän we onuň bu babatdaky ösüşini üpjün edýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Resul MYRATDURDYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.



















