Üstünlikleriň gözbaşy
Bilim — beýik başlangyçlaryň, ösüşleriň binýady. «Bilimli nesil — bagtyýar geljek» diýip aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhunda gülläp ösýär. Bilim aljak, ylym öwrenjek ýaşlar üçin ýurdumyzyň bilim ojaklarynda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmak ugrunda düýpli işler durmuşa geçirilýär.
Eziz Diýarymyzyň orta mekdepleriniň häzirki zaman kompýuter enjamlary we interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bilim almagyň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Ýokary okuw mekdeplerine dünýä ylmynyň iň täze gazananlary bolan bilim bermegiň täze usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň dünýä derejesine doly gabat gelýändigini aýdyň subut edýär. Şeýle hem okuw otaglarynyň döwrebap şertleri ýaşlaryň ylym-bilimi özleşdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze okuw ýylynyň başlanan ilkinji gününde, has takygy, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda birbada iki sany ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumlary dabaraly açyldy. Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy iň täze şertleri, giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, ylmy-tehniki işleriň bu ugurdaky iň täze gazananlary bilen birlikde ösdürilýändigini hem ýeri gelende buýsanç bilen bellemek gerek.
Ajaýyp zamanamyzda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň talabalaýyk bilim almagy üçin döredilýän şeýle giňişleýin şertler we mümkinçilikler aýratyn buýsanç bilen bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimizde ýokary okuw mekdepleriniň täze, döwrebap binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň kämil derejedäki tilsimatlar bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklarynda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi biziň her birimiziň, şol bir wagtda talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarynyň we bilim işgärleriniň buýsançly kalbynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez söýgini, çäksiz hoşallyk duýgularyny goşalandyrýar. Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmek üçin has-da tutanýerli bilim alýarlar. Çünki Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda ýaşlarymyzyň watansöýüji, kämil bilimli bolup ýetişmekleri hakynda paýhasly sözleri beýan etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny bilim öwrenmäge, iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge ruhlandyrdy.
Bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli işleri rowaç bolsun!
Döwletmyrat AMANNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



















